Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň hukuk-kanunçylyk ulgamy yzygiderli ösdürilýär we döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary halkara hukugyň umumy kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär, Konstitusiýa we kanunlar arkaly kepillendirilýär. Adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek, höweslendirmek, goramak we ählumumy howpsuzlygy berkitmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Her bir adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, şol bir wagtda jemgyýetde adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepiliniň hakyky ulgamyny döretmek hukuk döwletini, raýat jemgyýetini gurmagyň esasy şertleriniň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda hukuklary, azatlyklary kepillendirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary halkara kadalara laýyk getirilýär. Şunda Maşgala kodeksi, «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda», «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk namalary uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan kanunçylyk namalary häzirki wagtda doly güýjünde hereket edýär.
Il-ýurt bähbitli maksatnamalaýyn işleriň ählisi bir maksada, ýagny adam hakdaky alada gönükdirilendir. Munuň şeýledigine ýurdumyzda 2021-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasy» ähli aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Bu Meýilnama adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň hem goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle-de adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek, ynsanperwer ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça degişli işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmagy göz öňünde tutýar.
Esasy Kanunymyzda maşgala barada berkidilen hukuk kadasynyň astynda 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Maşgala kodeksi kabul edildi. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy, maşgalany goldamaga we goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslarynyň kemala getirilmegi, onuň ykdysady taýdan özbaşdaklygy we ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleri döretmek arkaly maşgala hakynda alada edilmegine, maşgalalara döwlet kömek pullarynyň tölenilmeginiň üpjün edilmegi, olaryň saglygynyň goralmagy, durmuş infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem maşgalany, eneligi we çagalygy, atalygy goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslarynyň döredilmegini we durmuşa geçirilmegini maksat edinýär.
Döwletiň ösüşiniň esasyny emele getirýän fiziki we ýuridiki şahslaryň ýeterlik hukuk aňynyň kemala gelmegini gazanmak esasy aýratynlyklaryň biri hasaplanýar. Halkyň ösen syýasy we hukuk aňy, medeniýeti, şonuň bilen birlikde, ähli babatda çözgüdi kanun esasynda tapmak ýörelgesi ýurdumyzda raýat jemgyýetini gurmagyň esasy özeni bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň arasynda kabul edilýän kanunlary we kanunçylyk namalaryny düşündirmek, watandaşlarymyzyň kanuny hukuklary we bähbitleri barada gürrüň bermek biziň alyp barýan işlerimiziň özenini düzýär. Olardaky aýratynlyklardan ildeşlerimiziň habarly bolmagy hukuk goraýjy işgärleriň esasy wezipeleriniň hataryna girýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary bilen bagly wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilip durulýar.
Jemläp aýdanyňda, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işler «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimiziň ýurdumyzda barha giňden dabaralanýandygyny aňladýar. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary bilen baglanyşykly gatnaşyklar babatda möhüm durmuş meseleleri döwlet derejesinde çözülýär.
Beýik ynsanperwer başlangyçlary öňe sürüp, ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Hatyja DÖWLETNAZAROWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ müdirliginiň Daşoguz welaýat RÝNÝ bülüminiň esasy hünärmeni.