Ýakynda Mary şäherindäki 6-njy çagalar bakja-bagynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini körpe nesle düşündirmegiň ýollary we usullary» diýen tema boýunça usuly sagat geçirildi.
Bu usuly sagat Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň syýasy sowatlylygyny, hünär derejesini ýokarlandyrmak we pedagogik ussatlylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, mugallymlar geňeşiniň, usuly birleşmeleriň we usuly sagatlaryň işiniň netijeliligi döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ýokarlandyrylmagy babatda gözöňünde tutulýan wezipelerden, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şygaryndan ugur alyp, şeýle-de Gündogaryň akyldary, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy.
Mary şäheriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän bilim-terbiýeçilik işgärleriniň, daşary ýurt dili we aýdym-saz mugallymlaryň hem-de degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen usuly sagat Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi tarapyndan guraldy.
Usuly-pedagogik ugurly bu çärede Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti, halk pedagogikasynda şygryýetiň güýji arkaly nesil terbiýelemek däpleriniň ýörelgeleri, nusgawy eserlere ýüzlenmek arkaly sapaklary hil, mazmun taýdan baýlaşdyrmagyň, şunlukda körpeleriň edep-terbiýeliligini, sowatlylygyny, giň dünýägaraýyşlylygyny, düşünjeliligini gazanmagyň usullary, edebi eserleri ýerlikli ulanmagyň we edebi mirasa pedagogik taýdan dogry çemeşelmegiň ýollary, bu babatda ata-enelere berilýän maslahatlar barada giňişleýin çykyşlar diňlendi. Şeýle-de göreldeli sapaklara syn edildi. Esasan hem, usuly sagatda bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmekde, tejribelerini artdyrmakda türkmen edebiýatynyň gymmatly orny, akyldar şahyryň baý döredijilik mirasynyň hem-de jemgyýetçilik-medeni çäreleriň pedagogik we syýasy sowatlylygy ýokarlandyrmakdaky täsiri dogrusynda nygtaldy.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda şahyryň ündew-nesihata ýugrulan baý mazmunly eserlerini peýdalanmakda iş tejribeden çykyşlar, taýýarlanylan görkezme esbaplary, usuly işlerde ulanmak maksady bilen peýdalanylýan sanlylaşdyrylan serişdeler bagly görkezilenler bolsa usuly sagada gatnaşýanlaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy.
Usuly sagadyň dowamynda degişli tema boýunça gazanylanlar we toplanan tejribeler bilen hem tanyşdyrylmagy diňlenilen çykyşlary amaly taýdan özleşdirmekde netijeli boldy.
Maral REJEPOWA,
Mary şäherindäki 6-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri, TDP-niň işjeň agzasy.