Siziň üçin...

Daşary ýurt dilleri mekdebe çenli çagalar edaralarynda

14-10-2024 / 16

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwretmek işi giňden ýola goýuldy. Çünki daşary ýurt dillerini bilmek ussatlygy adamy kämillige ýetirýän ilkinji alamatlaryň biridir. 

Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mekdebe çenli ýaşly çagalaryň dil sowatlylygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, häzirki döwürde degişli döwlet maksatnamalaryndan, okuw meýilnamalaryndan we beýleki resminamalardan ugur alnyp sapaklary maksadalaýyk derejede guramak ugrunda biziň çagalar bakja-bagymyzda hem mynasyp işler durmuşa geçirilýär.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyna hem aýratyn orun degişli bolup durýar. Şoňa görä-de, daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, çagalaryň sözlük goruny baýlaşdyrmak maksady bilen, innowasion bilim tehnologiýalaryndan, öňdebaryjy iş tejribelerinden ýerlikli peýdalanyp, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň dil baýlyklary ösdürilýär.

Daşary ýurt dilleri sapaklarynda sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy öwrenilýän sapagyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu sapaklarda duýga täsir ediş serişdelerini, yşyk, ses, saz bezeglerini peýdalanmak has-da netijeli bolup durýar. Çünki çagalar täzeçillige uly gyzyklanma bildirýärler. Geçilýän sapaklara degişli sanly görkezme serişdelerini peýdalanmak arkaly çagalaryň daşary ýurt dili boýunça öwrenenleri özleşdirilýär. Olaryň öwrenen sözleri, sözlemleri söhbetdeşlikler, çykyşlar, oýunlar arkaly berkidilýär.

Mekdebe taýýarlanylýan körpeler bu döwürde eýýäm rus we iňlis dillerinde goşgy bentlerini aýtmagy, sözleri düzmegi, özleri bilen tanyşdyrmagy başarýarlar. Munuň özi çagalar bakja-baglarynda guralýan daşary ýurt dilleriniň öňdebaryjy iş usulyýeti arkaly kämillleşdirilýändigini, daşary ýurt dili mugallymlarynyň tejribesiniň artýandygyny görkezýär.

Çagalaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşikleri guramak, hepdelikleri geçirmek, göreldeli sapaklary geçirmek, mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek we usuly kömek bermek işleri biziň çagalar bakja-bagymyzda hem netijeli alnyp barylýar.

Maýsa PALTAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu