Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda dünýädäki maliýe-ykdysady çökgünligiň milli ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsirini düýpli peseltmek üçin toplumlaýyn çäreler işlenip düzülýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş depgininiň üpjün edilmegine, milli manadyň hümmetiniň durnukly saklanyp galmagyna, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejileriniňdir çykdajylarynyň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilmegine, maýa goýum işjeňliginiň ýokary derejede saklanylmagyna, ilatyň iş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyna we beýlekilere aýratyn üns berilýär. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, öz gezeginde, ýokary netijeleri gazanmakda ähli amatly şertleri döredýär.
Pul-karz syýasaty her bir ýurduň Merkezi banky tarapyndan alnyp barylýar. Munuň özi pul toplumynyň kadalaşdyrylmagy arkaly ýurduň makroykdysady maksatlary bolan bahalaryň durnukly derejesini saklamaga, ykdysady ösüşi üpjün etmäge we iş bilen üpjünçiligi gazanmaga oňyn täsir edýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň esasy maksady milli manadyň durnuklylygyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şunda pul-karz syýasatynyň gurallary ykdysady ulgamyň köpugurly ösüşine bagly bolan ykdysadyýeti kadalaşdyrmagyň iň möhüm tarapydyr. Çünki pul kärhanalaryň hojalyk işlerinde, döwlet guramalarynyň hereket etmeginde, önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagyny höweslendirmekde, serişdeleriň tygşytly ulanylmagynda esasy orny eýeleýär. Puluň kömegi bilen diňe bir umumy harajatlaryň ululygy kesgitlenilmän, bahalar arkaly önümçiligiň netijeliligi we gazanylan peýdanyň ululygy hem kesgitlenilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen manadynyň kadaly hereketini ýola goýmak, onuň durnuklylygyny, hümmetliligini üpjün etmek, daşary ýurt puluna amatly gatnaşygyny kesgitlemek maksady bilen, 2008-nji ýylda manadyň bu babatda ýeke-täk hümmete geçmek, 2009-njy ýylda manadyň denominasiýasyny, 2015-nji ýylda bolsa dewalwasiýasyny geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip düzüldi we üstünlikli amala aşyryldy. Şeýle çäreler durnukly ösüşi üpjün etmek bilen, ähli babatda amatly şertleri döretdi.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank hyzmatlaryny müşderilere menzilara ýerine ýetirmegiň birnäçe usullaryny ösdürmek ugrunda degişli işler durmuşa geçirilýär. Aýratyn-da, kompýuterleriň, öýjükli telefonlaryň we planşetleriň üsti bilen «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatlarynyň gerimi yzygiderli giňeldilýär. Ykjam telefon aragatnaşygyny, töleg nokatlaryny, internet ulgamyny ulanmak esasynda, elektron töleg we elektron pullary ulanmak ulgamy ösdürilýär. Sanly töleglere geçmegiň tizligi bolsa bazaryň ýagdaýyna, nagt pul aýlanyşygynyň azalmagyna, elektron söwdanyň kabul edilmegine, iri kärhanalaryň işjeňlik derejesine baglylykda üýtgeýär. Pul ulgamynda şeýle ösüşleriň we özgerişlikleriň gazanylmagy ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirilýän döwründe manadyň işjeňlik derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hususan-da, manadyň durnukly hereket etmegi ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge we hususy pudagy düşewüntli dolandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Mahlasy, ösüşiň häzirki zaman şertlerinde türkmen manadynyň ykdysady ösüşiň ykjam guraly hökmündäki orny we ähmiýeti yzygiderli artýar, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanýar.
Aýzada NURYÝEWA,
«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň Türkmenabat şäher şahamçasynyň kassa amallary bölüminiň kassiri.