Aýdym-saz adamzat durmuşynda mäkäm orun almak bilen, ynsan durmuşyny beýan edýän gadymy sungatdyr. Onda taryhy wakalar, ynsanlaryň durmuş-ýaşaýyş ýörelgeleri giňden öz beýanyny tapýar.
Aýdym-saz sungaty özüniň tematikasy tarapyndan örän giň. Onuň baş wezipesi bolsa parahatçylygy ündemek, adamlary ynsaplylyga, adalatlylyga, agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige, dost-doganlyga çagyrmak. Bular bu sungatyň belent missiýasy. Sallançak başyndaky ene hüwdüsinden başlap uly göwrümli saz eserlerine çenli ynsanlaryň göwün syrdaşyna, ruhy hemrasyna öwrülip bilen başga bir närse barmyka?!
Bu gadymy sungat hem özüniň dörän wagtyndan bäri uly terbiýeçilik mekdebi bolup hyzmat edip geldi. Saz gurallarynyň köpdürliligi, ýerine ýetirijilik tärleri, bu sungatyň ynsanlaryň kalbyna, hatda durmuşyna ýetirýän güýçli täsiri barada taryhy çeşmelerde-de ençeme maglumatlar berilýär. Adamzadyň taryhy döwürlerini çuňňur öwrenmekde hem bu sungata uly orun degişli.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan türkmen aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegi we çuňňur öwrenilmegi ynsanlar arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrmaga, ruhy päkligiň kemala gelmegine we belent ösüşler bilen ilerlemegine diýseň uly itergi berýär. Aýdym-sazly türkmeniň gadymy halk bolşy ýaly, milletiň milli mirasy, aýratyn-da aýdym-saz sungatynyň taryhy uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýar. Munuň üçin türkmen sazlarynyň taryhy köklerine we bu ugurda uly göwrümli köp jiltli işleri ýazan ýazarlaryň işlerine ýüzlenmek ýeterlik.
Türkmen aýdym-sazlaryny diňläniňde bu topragyň süňňi mukama ýugrulanmyka diýdirýär. Çünki, bu jadyly sungat türkmeniň bütin taryhynda we durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Türkmeniň örki aýdym-saza baglanandyr. Aýdym-saz ynsanyň medetkäridir, belent maksatlara ruhlandyrýan ylham çeşmesidir. Şeýle bolansoň ata-babalarymyz peder paýhasyndan ene mährinden gözbaş alan bu sungat bilen bile ýaşady.
Häzirki döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýoluna hem-de milli medeniýetimize uly sarpa goýulýar. Bu babatda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli aýdym-saz sungatymyzyň çawy dünýä ýüzüne ýaň salýar. Goý, elmydama halkymyzyň görjegi aýdym-sazly toý-baýramlar bolsun!
Altynaý HOJAKOWA,
Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy.