Milli gymmatlyklaryň arasynda alabaý itleri hem bar. Türkmen alabaýy, edil nepis halylarymyz, ahalteke bedewlerimiz ýaly, halkymyzyň buýsanjy we şöhratydyr. Alabaý itleri batyrlyk, wepadarlyk, çydamlylyk, namysjaňlyk, saýhallylyk ýaly häsiýetleri bilen tapawutlanýar.
Adamzat itleri, takmynan, mundan 12 müň ýyl ozal eldekileşdirip başlapdyr. Alabaý itleri gadymy itleriň tohumy hasaplanýar. Bu pikiri Altyndepeden, Goňurdepeden tapylan alabaýyň istihanlary hem tassyklaýar. Bu tapyndylar müňýyllyklary öz içine alýar. Jeýtun ýadygärliginden tapylan alabaýyň şekilleri miladydan öňki bäşinji müňýyllyga degişlidir. Gadymy meşhur skif, mesopotam, assir, nusaý itleri häzirki türkmen alabaýlarynyň nesilbaşylarydyr. Altyndepe, Gäwürgala, Paryzdepe, Änew, Şähryslam, Pessejikdepe harabalyklarynda ýüze çykarylan alabaýlaryň şekilleri, heýkeljikleri hem halkara ylmy jemgyýetçilikde, aýratyn-da, itşynaslyk ylmynda uly açyş boldy. Bu tapyndylar türkmen topragynda it bilen ynsanyň arasyndaky ysnyşygyň — wepadarlygyň we dostlugyň ir döwürden ýola goýlandygyndan habar berýär. Ata-babalarymyz bedewini hem-de itini hiç wagt ýanyndan goýmandyr.
Alabaý sakçydyr, sada dilde aýtsak, çopan itidir, oňa «goýun iti» we «sähra iti» hem diýilýär. Olar süri bilen bile örüp, bile-de ýatýarlar. 1981-nji ýylda Akguş atly alabaý Merkezi Aziýa boýunça goýun itleriniň nusgasy hökmünde ykrar edildi. Häzir türkmen alabaýlaryny GDA-nyň çäklerinde, hatda ABŞ-da, Awstraliýada hem, köplenç, mallary ýyrtyjy haýwanlardan goramak üçin saklaýarlar.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda okyjylar bilen täsin bir maglumaty paýlaşýar: «Çopanlaryň kähalatlarda sürüsini, goşuny itine tabşyryp, durmuş zerurlygy bilen bagly az wagtlyk bir ýerlere gidýän wagtlary-da bolýar. Şonda saý-sebäp bilen goşa gelen del myhmany tä çopan gaýdyp gelýänçä, birnäçe günläp hiç ýere goýbermän saklan çopan itleri hakynda eşidenlerim ýadyma düşýär».
Alabaý itleriniň tohumyny gorap saklamak, köpeltmek we onuň şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen, 1992-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanda «Türkmen iti» jemgyýeti döredildi. Häzir bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimi has uludyr: Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlar, «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnal döredildi.
Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän Karantin merkezi, türkmen alabaýynyň tohumçylyk merkezleri, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumy guruldy. Aşgabatdaky türkmen alabaýynyň altynsow heýkeli, şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany bolan Wepaly atly alabaýyň keşbi bu itleriň halkymyzyň ykbalynda eýeleýän möhüm ornuna berlen ýokary bahadyr, olaryň gaýduwsyzlygyna, wepalylygyna goýlan uly hormatdyr.
Gündogdy ÖRÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.