Siziň üçin...

Daşary ýurt dilleri işjeň öwrenilýär

02-10-2024 / 19

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ýaş nesilleriň ähli babatda sazlaşykly ösüşini gazanmak, olara berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmak möhüm şert bolup durýar. Şol sanda ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmäge hem uly üns berilýär. Biziň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebimizde hem bu ugurda usuly we pedagogik talaplara laýyk gelýän okuw işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu ugurda umumybilim maksatnamalaryndan hem-de Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan ugur alnyp okuwçylara dünýä dilleri mynasyp öwredilýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi okuwçylaryň dil sowatlylygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu resminamada daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda hem daşary ýurt dilini okatmakda ulanylýan bilim tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Okatmagyň serişdelerini kämilleşdirmek islendik sapakda bolşy ýaly, okuwçylara daşary ýurt dilleri öwredilende hem möhümdir. Şoňa görä-de häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolan çagalar baglaryndan başlap, bu ugurdaky sapaklar ýokary hil derejesinde we baý mazmunda guralýar. Belli usulyýetçiler N.I.Mirolýubow we beýlekiler okatmagyň serişdelerini uly iki topara bölýärler: adaty we tehniki däl serişdeler (suratlar, gutlaglar, flanelograf, okuw kitaplary, gollanmalar, depderler, plakatlar, tablisalar).

Şu nukdaýnazardan, rus dili  sapaklarynda sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň peýdalanylmagy öwrenilýän sapagyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu sapaklarda duýga täsir ediş serişdelerini, yşyk, ses, saz bezeglerini peýdalanmak has-da netijeli bolup durýar. Çünki okuwçylar täzeçillige uly gyzyklanma bildirýärler. Geçilýän sapaklara degişli sanly görkezme serişdelerini peýdalanmak arkaly okuwçylaryň daşary ýurt dili boýunça öwrenenleri özleşdirilýär. Olaryň öwrenen sözleri, sözlemleri söhbetdeşlikler, çykyşlar arkaly berkidilýär.

Rus dili boýunça geçirýän hepdeliklerimiz, göreldeli sapaklarymyz, synpdan daşary çärelerimiz, ders bäsleşiklere taýýarlyklarymyz we beýleki guramaçylyk işlerimiz bolsa bu ugurda öwrenilenleri özleşdirmekde oňyn netijeli häsiýete eýe bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesline bilim terbiýe bermek, şeýle-de daşary ýurt dillerini öwretmek üçin döwrebap mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Hatyja AKMÄMMEDOWA,
Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu