Siziň üçin...

Gara maldarçylyk — oba hojalygynyň möhüm pudagy

03-10-2024 / 60

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalygy, şol sanda maldarçylyk pudagy güýçli depginler bilen ösdürilýär. Pudaga ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, täze tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler giňden ornaşdyrylýar. Şunda ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek boýunça köp ugurly işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda iri, ýöriteleşdirilen, häzirki zaman täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýä ülňelerine laýyk gelýän gara maldarçylyk toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär we olaryň sany gitdigiçe artýar. Bu toplumlarda daşary döwletlerden ýokary önüm berýän tohum mallar getirilip idedilýär.

Ýurdumyzda gara maldarçylygy ösdürmekde pudagyň işini ylmy esasda ýola goýmagyň, mallaryň tohumçylygyny ösdürmegiň, seleksiýanyň netijeli usullaryny ulanyp, oba hojalyk mallarynyň ýokary önümli täze toparlaryny döretmegiň, saklamagyň, talabalaýyk iýmitlendirmegiň ylmy-amaly ähmiýeti örän uludyr. Ýurdumyzda gara mallaryň, esasan, gyzyl sähra, goňur latwiýa, şwis, gara ala
golştin, monbelýard, simmental, aberdin-angus tohumlary ösdürilýär.

Türkmenistanda gara mallaryň 95 göterimi hususy, iri bolmadyk fermalarda saklanýar. Ýurdumyzyň howa şertleriniň mallary saklamaga amatlydygy üçin mallar köplenç, bassyrma görnüşli jaýlarda ýa-da üsti kölegeli aýmançalarda saklanýar. Daşoguz welaýatynda gyşyň has sowuk bolýandygy sebäpli, göleleriň üşemezligi üçin ýyly jaýlar gurulýar, uly mallar bolsa köplenç, bassyrmada saklanylýar. Mallary tomsuň yssysyndan goramak üçin aýmançalarda telär gurup, kölege edilýär. Häzir köp hojalyklarda gara mallary örüde (öriýatak usuly) bakyp saklaýarlar.

Pudakda tohumçylyk işlerini gowulandyryp, sygyrlardan sagdyn nesil almak üçin tohumlylyk hili ýokary bolan höwür öküzleri saýlap almak hem esasy wezipeleriň biridir. Munuň ykdysady hem-de hil taýdan ähmiýeti örän uludyr. Şonuň bilen birlikde sygyrlary hem ünsden düşürmeli däldir. Olar saýlanylanda gelip çykyşyna, önümlilik ugruna, sagym döwründe berýän süýdüne, süýdüniň ýaglylygyna aýratyn üns berilýär. Bu alamatlara üns berilmese, tohumyň hili, alynjak süýt, et önümleriniň mukdary has-da pese gaçýar. Şonuň üçin hem hojalyklarda mallaryň esasy alamatlaryna toplumlaýyn baha bermeli. Bu bolsa tohumçylyk işini dogry we doly alyp barmakda uly ähmiýete eýedir.

Jemläp aýdanyňda, gara maldarçylyk pudagy halk hojalygynda ähmiýeti örän uludyr. Ol adam üçin iň gymmatly, esasy iýmitleriň biri bolan bolan süýt we et önümleri bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Meňli HUDAÝBERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu