Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, edep kadalary nesil terbiýesine gönükdirilendir. Asyrlarboýy halkymyzyň çaga terbiýelemekde kämilleşen asylly däpleri Oguz han eýýamynda kemala gelip, türkmeniň milli ruhy dünýäsi bilen berk baglanyşýar.
Ata-babalarymyz nesil terbiýesine uly üns bermek bilen, öz dowamatynyň akylly, asylly, sagdyn, dogruçyl, ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin aladalar edipdirler, bu işi parz hasaplapdyrlar. Nesil terbiýesi bolsa örän çylşyrymly hem-de jogapkärli işdir. Her bir çaga jemgyýetde özüni alyp barmagyň düzgünlerini, daş-töwerege, adamlara bolan garaýyşyny öz maşgalasynda ene-atasyndan, mekdepde mugallymyndan, deň-duşlaryndan öwrenýär.
Çaga terbiýesinde edeplilik baradaky düşünjä uly orun degişli bolup, bu gönüden-göni ýaşuly nesliň göreldesi bilen baglydyr. Döwletiň berkligi jemgyýete bagly, jemgyýetiň sagdynlygy bolsa maşgala bilen dahyllydyr. Maşgala milletiň, jemgyýetiň galkynmagynda uly orun tutýan bolsa, maşgalanyň galkynmagynda perzende düşýän paý ýokarydyr.
Türkmen perzendiniň kämil sowatly, edep-terbiýeli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeginde bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň alyp barýan işleri hem bellärliklidir. Biz — bilim işgärleri öz öňümizde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga çalyşmak bilen, ýaş nesilleriň ata Watanymyza, ene topragymyza bolan söýgüsini artdyrmak, olaryň bu ugurdaky duýgy-düşünjelerini çuňlaşdyrmak ýörelgelerine hem berk eýerýäris. Nesillerimiziň terbiýesi bilen bagly işlerimizde we durmuşymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerini gymmatly gollanma hökmünde peýdalanýarys.
Täze taryhy eýýamda rowaçlanýan özgertmelerden, milli ýörelgelerimizden ruhlanyp işlemäge, ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermäge we olary hakyky şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdýarys.
Gurbangül DÖWLETOWA,
Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.