Siziň üçin...

Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek

30-09-2024 / 10

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda enäniň we çaganyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň we berkitmegiň, olary ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmegiň, maşgala medeniýetini has kämil derejä ýetirmegiň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň aýrylmaz bölegidigi bellenilýär. Ilatyň ähli toparlarynyň durmuş ýagdaýyny, zenanlaryň, bäbekleriň, çagalaryň, ýetginjekleriň iýmitlenişini has-da gowulandyrmaga aýratyn üns berilýär.

«Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» eneleriň we çagalaryň reproduktiw sagdynlyga bolan hukuklaryny ykrar edýär we onda lukmançylyk kömeginiň üznüksizligine aýratyn üns berilýär. Munuň özi eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak bilen bagly meseleleri ilkinji gezek bir ýere jemlän strategik resminamadyr. Howply täze döremeleriň öňüni almak, olary ir ýüze çykarmak hem-de bejermek ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünleri ýerine ýetirilýär. Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan bäbekleriň diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilmegi boýunça iň ýokary görkezijilere eýe bolup, sebitiň beýleki ýurtlarynyň arasynda has ýokary depginde ösýär. Bäbekleriň we ýaş çagalaryň talabalaýyk we dogry iýmitlendirilmegi olaryň doglan pursadyndan başlap, üç ýaşa çenli beden hem-de akyl taýdan kadaly ösmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda bäbekleriň, ýaş çagalaryň iýmitlendirilişini kämilleşdirmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermegiň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagyny, şeýle hem lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň okadylmagynyň, taýýarlanylmagynyň kämilleşdirilmegini nazara alýar. Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gaznanyň döredilenine entek kän wagt geçmedik hem bolsa, onuň hasabyna çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň köp sanlysyna dürli çylşyrymly operasiýalary geçirmäge mümkinçilik döredilip, häzir bu işler netijeli dowam etdirilýär.

Çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýan çagalaryň, röwşen geljegimiziň gurujylary bolan ýaş nesilleriň saglygy barada edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun! Goý, ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki sesleri hemişe belentden ýaňlanyp dursun!

Laçyn NARMÄMEDOWA,
Lebap welaýatynyň «Ene mähri» merkeziniň anesteziolog-reanimatolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu