Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, edep kadalary nesil terbiýesine gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Garaşsyz ýurdumyzda körpe nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli bilim we terbiýe ulgamynyň düzümlerinde köptaraplaýyn, giň göwrümli we baý mazmunly okuw-terbiýeçilik işleri durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan», Mekdebe çenli Döwlet bilim standartynyň ölçeglerinden we beýleki döwlet resminamalaryndan ugur alynýar.
Çaga terbiýesinde edeplilik baradaky düşünjä uly orun degişli bolup, bu gönüden-göni ýaşuly nesliň göreldesi bilen baglydyr. Döwletiň berkligi jemgyýete bagly, jemgyýetiň sagdynlygy bolsa maşgala bilen dahyllydyr. Maşgala milletiň, jemgyýetiň galkynmagynda uly orun tutýan bolsa, maşgalanyň galkynmagynda perzende düşýän paý ýokarydyr.
Türkmen perzendiniň kämil sowatly, edep-terbiýeli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeginde bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň alyp barýan işleri hem bellärliklidir. Biz — bilim işgärleri öz öňümizde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga çalyşmak bilen, ýaş nesilleriň ata Watanymyza, ene topragymyza bolan söýgüsini artdyrmak, olaryň bu ugurdaky duýgy-düşünjelerini çuňlaşdyrmak ýörelgelerine hem berk eýerýäris. Nesillerimiziň terbiýesi bilen bagly işlerimizde we durmuşymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerini gymmatly gollanma hökmünde peýdalanýarys.
Täze taryhy eýýamda rowaçlanýan özgertmelerden, milli ýörelgelerimizden ruhlanyp işlemäge, ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermäge we olary hakyky şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdýarys.
Näzik MAGSADOWA,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy.