Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler garaşsyz ösüşimiziň taryhy sene ýazgysyna aýratyn many-mazmun, öwüşgin berip, bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna ynamly gadamlar, ýokary ruhubelentlik bilen barýar.
Garaşsyzlyk bizi täze belentliklere göterdi. Syýasy asudalygy, halkyň jebisligini has-da berkitdi. Il-günüň bagtyýar durmuşynyň kanunçylyk-hukuk kepiline öwrüldi. Türkmenistanda ýokary wekilçilikli häkimiýet edarasy — Halk Maslahaty döredildi. Ol türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýar.
Garaşsyzlyk döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhratydyr. Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýolunda ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda ylym-bilimde, oba hojalygynda, söwdada, ulag-aragatnaşykda, medeniýetde, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys. Günsaýyn gözelleşip, ak mermere beslenýän Aşgabadyň, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň we beýleki şäherlerdir obalaryň nurana keşbini synlan her bir adam Garaşsyzlyk bilen galkynan halkymyzyň bir supranyň başyna jem bolup, bir döwlete gulluk edende beýik işleri amala aşyrmaga ukyplydygyna aýdyň göz ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip, bu senä ýokary baha berýär. Şoňa görä-de, şöhratly Garaşsyzlygymyz ykbal kesgitleýji waka bolup, ol türkmen jemgyýetiniň şu günki gülläp ösýän döwründe täze many-mazmun bilen has-da baýlaşýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senesi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!
Gurbanmyrat REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.