Siziň üçin...

Edeplilik — ynsan bezegi

19-09-2024 / 28

Maşgala — türkmen jemgyýetiniň baş sütüni. Perzendiniň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüp-ulalmagy, ilhalar adam bolup ýetişmegi her bir ata-enäniň iň beýik arzuwydyr. 

Maşgala ojagynyň söýesi zenan hasaplanylýar. Maşgala mukaddesligini goramak hem zenanlaryň borjy bolup durýar. Olaryň mähir-muhabbeti, yhlas-söýgüsi we terbiýe mekdebi hakyky şahsyýetleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Dogan-garyndaşyny, öý-ojagyny, söwer ýaryny, perzentlerini söýgi bilen gurşap alýan zenan uly abraýa eýedir. Hiç bir baýlyk bilen deňäp bolmaýan şu gymmatlyklara edepli zenanyň eýe bolup bilýändigi hemmelere mälimdir. Bahasyz baýlygyň hem-de gözelligiň açary edepdir. Halkymyz zenan maşgalanyň içki gözelliginiň daşky keşbine-de bezeg berýändigini hemişe nygtaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasy, ene mukaddesligi, maşgala ojagy, ata-ene bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur paýhasly esaslary hakynda gürrüň edilýär. Bu eser her bir adamyň ata-ene, ogul-gyz, öý-ojak garaýyşlarynda täze duýgulary oýaryp, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik endiklerini has-da ösdürýär.

«Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de — biýzini» diýen nakylda enäniň gyzy terbiýelemekdäki durmuş ähmiýetli jogapkärçiligi aňladylýar. Ene gyzyna perzent bolmak edebinden başlap, dogan, ýar, gelin, zenan, ene, gaýynene edebini öwretmekligi öz wezipe çygrynda jemleýär. Gyz perzendiň mertebeli we milli häsiýetleriniň kämilligi bilen jemgyýetde mynasyp orun almagynda enäniň hyzmaty uludyr.

Hakykatdan-da, edeplilik — ynsan bezegi, edep — tylla täç. Edep-ekramda, iş başarjaňlykda, töweregi bilen gatnaşykda oňat enäniň terbiýesini alan perzentleriň görüm-göreldesi başgaçadyr. Öý-ojagyň abadanlygyny hem-de maşgalanyň agzybirligini saklamak, perzentlerini edepli, terbiýeli edip ýetişdirmek, olara asylly görelde bolmak zenan maşgalanyň mukaddes borjudyr. Gözelligiň göwher täji bolan zenanlar halkymyzda döwletli törleriň ýaraşygy, ar-namysyň belent tugy saýylýar.

Ogulbeg HANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu