Ine, ýene-de baýramlaryň naýbaşysy – Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlyk baýramy ýetip geldi. Her ýyl bu ajaýyp baýrama garaşmagyň özi-de uly buýsanç. Baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda, şol sanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň degişli düzümlerinde uly üstünlikleri gazanmak üçin ýörite meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmegine şert döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns-aladasy bilen türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň öňdebaryjylaryna öwrüldiler.
Naýbaşy sene — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň degişli düzümleriniň guramagynda hem birnäçe wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly çäreler geçirilýär. Ýaşlara ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan özbaşdaklygynyň gymmaty, Garaşsyzlygyň beren miweleri, ýeten beýik sepgitlerimiz, täze maksatlara, ösüşli menzillere olaryň hem işjeň goşant goşmalydyklary barada wagyz-nesihat etmek, düşündirmek biziň esasy wezipelerimiziň biridir.
Garaşsyzlyk – belent ykbal! Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Şu gün bu toýuň ýakymyny bagtymyz ýaly belende göterilen Gün buşlaýar! Baş baýramymyz – döwletlilik toýumyz gutly bolsun! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly tutumly toýlara beslensin!
Dursunjemal SARYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.