Siziň üçin...

Ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak ugrunda

19-09-2024 / 13

Döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, milli ylym ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Öňdebaryjy tejribeler, ylmyň gazananlary ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ulgamyň döremegi üçin ähli ylmy-barlag edaralaryny iň kämil tehnologiýalar, kompýuter we barlaghana enjamlary bilen doly üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» boýunça işlenip düzülen meýilnamanyň çäginde ylmy temalar boýunça hem-de şertnamalaýyn esasda ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär. Şonuň esasynda hem himiýa senagatynyň dürli pudaklarynda degişli düýpli we amaly barlaglar geçirilip, olaryň netijesi bolsa önümçilige ornaşdyrylýar.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, Himiýa instituty bilen «Garabogazkarbamid» zawodynyň arasynda «Duz kislotasyny we hlorly demri (koagulýant) almagyň usulyny işläp taýýarlamak we ony öndürmek üçin tejribe-synag desgasyny gurnamak» atly baglaşylan şertnama laýyklykda, dürli maksatlarda ulanmak üçin daşary ýurtlardan getirilýän tehniki duz kislotasyny öndürmek boýunça alymlaryň işläp düzen tehnologiýalary, şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Himiýa institutynyň alymlary hem-de bu toplumyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen, häsiýetnamalary gowulandyrylan, gidroarassalanan «Gidro Plýus» dizel ýangyjyny öndürmegiň usuly önümçilige ornaşdyryldy.

Häzirki wagtda gurluşyk, nebitgaz we himiýa senagatynyň, şeýle hem ulag pudagynyň uly depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, ýurdumyzyň çürt-kesik kontinental howa şertlerinde dürli çalgy ýaglarynyň görnüşine we hiline talap ýokarlanýar. Şol sebäpli ýerli çig mal serişdelerinden çalgy ýaglarynyň täze görnüşini almagyň innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek ykdysady taýdan bähbitlidir. Çalgy, motor ýaglarynyň, metallary işläp bejermek üçin niýetlenen ýaglaryň esasy düzüm bölegi nebit ýaglary hasaplanýar. Esaslyk ýaglar diňe çig nebiti göni gaýtadan işlemegiň däl-de, eýsem, himiki sinteziň hem önümi bolup durýar.

Öňde goýlan möhüm wezipelerden ugur alnyp geçirilýän barlaglar, şol bir wagtyň özünde, türkmen ylmyny döwrebap ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlyk netijesinde, dünýä ylmy bilen aýakdaş gitmäge oňaýly täsirini ýetirýär.

Ogultäç ATAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Senagat tehnologiýasy fakultetiniň Umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu