Siziň üçin...

Pederlerimiziň nurana arzuwlarynyň wysaly

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

17-09-2024 / 30

Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň aýdyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan halkymyz bu şöhratly senäni uly joşgun we dabara bilen toýlamaga taýýarlyk görýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip bu bu senä ýokary baha berýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk taryhy hem döwrebap ykbal kesgitleýji waka bolup, ol türkmen jemgyýetiniň şu günki gülläp ösýän döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşdy. Bu günki gün türkmen halky asyrlarboýy arzuwlap gelen zamanasynda — bagtyýarlykda, eşretli durmuşda ýaşaýar.  Pederlerimiziň yhlasynyň, arzuwlarynyň, amala aşyrylan ummasyz işleriň netijesinde, agzybir halkymyz Garaşsyz ýurduny — berkarar döwletini gurdy, milli baýlyklarynyň hak eýesi boldy. Biziň bu ajaýyp döwrümiz — Garaşsyzlyk eýýamymyz «Berkarar döwlet istärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan, «çoh garaşan» zamanasydyr. Bagtyýar türkmen halky indi «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi!» diýýär.

Sentýabr aýy — halkymyzyň sabyrsyzlyk bilen garaşan aýy. Beýik baýramçylyk — ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlyk toýy bu aýa aýratyn dereje, şöhrat berýär. Bu aýyň her bir gününiň şanly toýuň dabaralary bilen beslenmegi ýüregiňi has-da joşduryp, ruhuňy galkyndyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senesi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Jemile BAZAROWA,
Darganata etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu