Siziň üçin...

Alajam gözden gorar

Milli sungat

17-09-2024 / 264

Mälim bolşy ýaly, alajalar milli sungatymyzyň iň naýbaşylarynyň biridir. Ol has irki döwürlerden bäri dowam edip gelýän el işleriniň bir görnüşidir.

Türkmen gelin-gyzlarynyň ählisine diýen ýaly el işleri bilen meşgullanmak mahsusdyr. Ene-mamalarymyzyň bu ýoldaky adatlaryny dowam edip gelýän zenanlarymyz halydyr palas dokamak, keçe basmak, kilim dokamak keşde gaýamak, alaja işmek, jorap örmek ýaly el işleriniň ähli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Hatda  türkmen zenanlary keteni, daraýy ýaly matalary dokamakda hem ussatlyk görkezmegi başarýarlar. Sünnäli gollardan çykan nepis el işleriniň esasy aýratynlygy bolsa olaryň sap ýüňden we tebigy boýaglardan edilmegidir.

Alaja örmek gyzjagazlaryň ilkinji öwrenýän zähmet ýoludyr. Olara esasan hem ak we gara reňkleriň salynmagy gije we gündiziň sazlaşygyny aňladýan bolsa, gyzyl we ýaşyl reňkler türkmen tebigatynyň öwüşgininden nyşandyr. Her bir el işlerinde alajalaryň gözelligini görmek mümkin. Hatda keçe güllenilende onuň gyralarynyň alajalanýandygyny ýatlamak gerek.

Ýeri gelende bellesek, dürli reňkleriň sazlaşygyndan emele gelýän we göze has ýakymly görünýän alajalar, esasan hem, çagalaryň durmuşynda köp ýaýrandyr. Hatda täze dünýä inen bäbejikleriň hem gundaglary, sallançak ýüpleri ýörite alajalardan edilýär. Şonuň ýaly-da ýörjen-ýörjen bolan oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň goşarlaryna we boýunlaryna alajalaryň dakylmagy ýöne ýerden däldir. Çünki türkmençilikde alajanyň dürli nazarlardan goraýjylyk ähmiýetine ynanylýar. Täze gelniň öýüniň gapysynyň, bukjalarynyň hem ýörite alaja bilen bezelýändigi hem şundan gelip çykandyr. Alajalar iki, dört, sekiz we ondan hem köp örümli bolup, dürli göz monjuklar bilen hem bezelýär.

Alajalarda düýe ýüňüniň ulanylmagyna-da aýratyn ähmiýet berilýändigini ýatlamak gerek. Çünki ýagşy niýet bilen örülýän düýe ýüňüli alajalaryň bejerijilik häsiýetiniň bardygyna, onuň gözden-dilden goraýandygyna ynanylýar. Hut şonuň üçin hem düýe ýüňüli alajalar diňe bir elleriň däl, eýsem, gyz-gelinleriň milli köýnekleriniň ýakalarynyň gyralarynyň, ezýaka köýnekleriň ýakalarynyň bezegi saýylýar.

Häzirki döwürden gelin-gyzlarymyz milli el işleriniň bu görnüşini has kämil derejede dowam edýärler. Hut şu esasdan hem olaryň sünnäli gollarynyň senedine öwrülen alajalar gündelik durmuşymyza mäkäm ornandyr.

Akja SAPARMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçilik fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu