Siziň üçin...

Çagalaryň şikes almagyndan seresap boluň!

14-09-2024 / 7

Çagalaryň arasynda duş gelýän şikeslenme we onuň öňüni almak iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Çagalaryň şikes almagy dürli-dürli bolsa hem, köplenç, onuň döremeginiň sebäbi birmeňzeşdir.

Çagalar eýýäm 1-3 ýaş aralygynda bilesigelijiligi artyp, hereketjeň bolýarlar. Şonuň üçin döwüläýjek gaplary, ýiti aşhana gurallaryny, gaýçylary çagalaryň eliniň ýetýän ýerinden daşda goýmaly. Uly çagalara bolsa, olary howpsuz ulanmagyň usullaryny öwretmeli. Çagany (aýratyn-da kiçi ýaşly çagany) öýde ýeke galdyrmaga endik etmeli däl. Öýde bolnanda-da onuň her bir hereketini üns merkezinde saklamaly.

Çagalara howpsuz durmuş endiklerini öwretmeli. Olara gaz enjamyny özbaşdak ýakmazlygy ýa-da elektrik enjamlaryny, himiki serişdeleri ellemeli däldigini düşündirmeli. Himiki serişdeleri, dermanlary, gyzgyn zatlary çaganyň eliniň ýetýän ýerinde goýmaly däl.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy —ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowam edýän häzirki günlerinde ýerlerde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek we şikeslenmeleriň öňüni almak barada wagyz-nesihat çärelerini guraýarys. Munuň özi çagalaryň şikeslenmekleriniň öňüni almakda we olaryň ýol hereketleriniň düzgünlerini bilmeklerinde örän ähmiýetlidir.

Mekan AKMURADOW,
Türkmenabat şäher hassahanasynyň hirurg lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu