Siziň üçin...

Bakja ekinleriniň meşhur zyýankeşleri

13-09-2024 / 20

Tebigatda haýwan­laryň tutýan orny we ähmiýeti örän uludyr. Mör-möjekler – miweli baglary tozanlandyryjylar. Muňa garamazdan, mör-möjekler ekinleriň hem zyýankeşleridir. Organiki dünýädäki özara baglanyşyklary ýüze çykarmaga, bedeniň ontogenetik ösüşini synlamaga, umumy biologik kanunalaýyklyklara göz ýetirmek üçin umumy biologik nusgalar ýakyndan kömek berýär.  

Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk ekinleri gögerip çykandan soň, olaryň zyýanberijileri hem ýeterlik bolýar. Şoňa görä-de, ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg we garaşyk işlerini geçirmek zerurdyr. Oba hojalyk ekinlerinde zyýankeş mör-möjeklere, kesellere we haşal otlara garşy göreş usullaryny ýygy-ýygydan geçirip durmaly. Olaryň içinde has zyýan berijisi saryçyrmaşyk haşal otudyr.

Türkmenistanda olaryň dört görnüşi bar. Çyrmaşyklar — mugthor ösümlikler. Olaryň köki, ýapragy bolmaýar, sapak şekilli ýa-da rezin şekilli güýçli şahalanan baldagy bolýar. Güllände, gür güller baldagy örtýär. Güller bäş ölçegli. Gül täjiniň we okarajygynyň ýapraklary ösüp bitişen jaňjagaz ýa-da turba görnüşli. Miwesi goza bolup, 1-4 tohum emele getirýär. Tohumlary togalak ýa-da nädogry burç görnüşinde. Tohumyň üsti büdür-südür.

Çyrmaşyklar suwy we iýmitlik maddalary siňdirmäge ukypsyz. Olar özleriniň dyrmaşyp ösýän medeni ekinleriniň hasabyna ýaşaýarlar. Onuň baldaklary ösümligiň daşyna dolanýar we ondan ýörite ösüntgileri — gaustoriýalary arkaly iýmiti sorýar. Olar, esasan, iki ülüşli ösümliklerde mugthorçylyk edýärler. Çyrmaşyklar tohumlary we baldaklarynyň ýolunmalary bilen köpelýär. Tohumyň gögerijiligi topragyň gyzgynlygyna, çyglylygyna bagly. Tohum toprakda 8-10 ýyllap gögerijiligini saklap bilýär. Çyrmaşygyň ownuk tohumlary 4 santimetr çuňlukdan, agaçlaşan iri tohumlar 8 santimetre çenli çuňlukdan gögerip bilýärler. Tohumlar baldaklary arkaly ýaýraýarlar.

Saryçyrmaşygyň garşysyna ulanylmaly göreş çäreleri şulardan ybarat: karantin barlagy geçirilmeli, çuň sürüm, ekin dolanyşygy ýaly agrotehniki çäreleri berjaý etmeli, gerbisidleri ulanmaly.

Bahar BERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu