Siziň üçin...

Bäbek üçin iň gowy iýmit, goraýjy serişde

Ene süýdiniň ähmiýeti

11-09-2024 / 30

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSG) alty aýa çenli çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi, soňra goşmaça iýmitlendirmek bilen birlikde, çaga azyndan iki ýaşaýança, ene süýdüni bermegi maslahat berýär.

Ene süýdi – diňe bir bäbek üçin iň gowy iýmit bolman, eýsem ol keselleriň öňüni almakda hem güýçli serişdedir. Her ýylda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi hem geçirilýär. Onuň maksady – jemgyýetçilik köpçüligine ene süýdüniň çagany keselleriň köpüsinden gorap biljekdigini düşündirmekdir. ÝuNISEF-iň maglumatlaryna görä, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bäş ýaşa çenli çagalaryň 820 müňüsiniň ömrüni halas edip biler.

«Owuz süýdi» kesellerden goraýan antitelalara baýdyr. Ene süýdi bäbejikleriň beýnisiniň ösüşine ýardam edýär, ýokanç kesellerden goraýar, semremek howpuny azaldýar.

Türkmenistanda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine aýratyn üns berilýär.Şeýle hem ýurtda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak boýunça milli maksatnama ornaşdyryldy. Ony durmuşa geçirmek üçin Enäniň we çaganyň saglygyny goramak barada ylmy-kliniki merkeziň binýadynda Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak boýunça merkez döredildi.

Ene süýdi çaganyň sagdyn ösmeginde iň zerur iýmitdir. Il içinde ene süýdi mukaddes hasaplanylýar, sebäbi ol dünýä inen bäbegiň geljekdäki hemmetaraplaýyn kämil ynsan bolup ýetişmeginde esasy orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda „Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we ony goldamak” Milli maksatnamany kabul etdi we onda meýilleşdirilen işleri amaly lukmançylyga ornaşdyryldy.

Nigora ILMURADOWA,
Lebap welaýat Enäniñ we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň pediatr lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu