Garaşsyz ýurdumyzda körpe nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, mekdebe çenli bilim we terbiýe ulgamynyň düzümlerinde köptaraplaýyn, giň göwrümli we baý mazmunly okuw-terbiýeçilik işleri durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyndan», Mekdebe çenli Döwlet bilim standartynyň ölçeglerinden we beýleki döwlet resminamalaryndan ugur alynýar.
Elbetde, ylmy-usuly taýdan işenip-düzülen şeýle resminamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ata-babalarymyzyň milli terbiýeçilik däpleri, nesilleri sagdyn kemala getirmekdäki tejribeleri, Alym Arkadagymyzyň eserleri baş ýörelge, esasy gollanma bolup durýar. Nesilleri halk pedagogikasynyň gymmatly usullarynda daýanyp ýetişdirmek işiniň milli edebiýatlar, şol sanda daşary ýurt çeşmeleri, terjimeleri bilen hem yzygiderli tanyşylýandygyny, okalýandygyny we peýdalanylýandygyny bellemek gerek.
Ýeri gelende aýtsak, çagalaryň irki döwründen terbiýelenmegi, olaryň aň we beden taýdan ösüşi babatdaky aladalaryň düýpli häsiýete eýe bolmalydygy bu ugurdaky işlerde baş şert bolmagynda galýar. Şundan ugur alyp, häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelemegiň we okatmagyň usulyýetinde dünýä meşhur alymlaryň, pedagoglaryň, işewürleriň, ýazyjylaryň we usulyýetçileriň eserlerine yzygiderli ýüzlenilýär.
Mysal hökmünde bellesek, Masaru Ibukanyň «Üçden soň giç…», şeýle-de «Üçe çenli — aýny wagty!» ýaly kitaplary perzentlerimizi kemala getirmek işinde örän täsirli çeşmeler bolup durýar. Awtoryň 1971-nji ýylda çapdan çykan «Üçden soň giç…» kitabynyň dürli dillerde terjime edilmegi on ýyl töweregi soň «Üçe çenli — aýny wagty» kitabynyň hem okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy we ýaýradylmagy bu eserleriň ýokary ähmiýete eýedigini alamatlandyrýar.
Masaru Ibukanyň irki terbiýe bilen bagly 76 maslahaty öz içinde alýan «Üçe çenli — aýny wagty!» atly kitaby diňe bir pedagogik terbiýede däl, her bir maşgalada, kiçijik bäbekli ýaş maşgalalarda bolsa gaýta-gaýta okalmaga mynasypdyr. Şonuň üçin hem bu kitaplary okap, öwrenip, öz terjibesinde peýdalanýan terbiýeçiler ata-eneler bilen geçirýän ýygnaklarynda, gündelik söhbetdeşliklerinde hem beýan edip bilerler. Çünki bu kitapda çagalaryň bäbeklik döwründen diňe bir fiziologik ösüş babatda däl, körpejeleriň psihologik we intellektual ösüşini gazanmak bilen bagly meselelere has içgin üns çekilýär. Awtoryň çagalaryň irki ösüşini gazanmaga bagyşlanan maslahatlardan doly kitaplary ýazylyş formasy, gürrüňleriň düşnükli we anyk häsiýetlidigi islendik okyja täsir edýär.
Kitapda «Bäbek dünýä inende esli wagtlap ata-eneler, köplenç, diňe onuň beden taýdan ösüşine üns jemleýärler, aňyň-beýniniň ösüşi barada bolsa körpejede akyl-paýhas alamatlary ýüze çykyp başlanyndan soň aladalanmaga girişýärler. Ýöne bu eýýäm öte giç bolýar! Intellektiň we psihikanyň ösüşi babatda-da onuň beden saglygy bilen şol bir wagtda, çaga dünýä inen pursatyndan başlap alada edip ugramak gerek» diýip bellenilmegi çagalaryň irki ösüşi babatda işlere has oýlanşykly we jogapkärli çemeleşmäge çagyrýar.
Maglumat hökmünde bellesek, awtoryň bu kitabynyň terjimesi ýaşlaryň söýgüli neşiri bolan «Nesil» gazetinde okyjylara ýetirilýär.
Elbetde, biziň halkymyz hem öz perezentlerini dünýä inen gününden (hatda ene garnynda wagty) terbiýelemegiň, aň we beden taýdan sagdyn ýetişdirmegiň tarapdary. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda irki ösüşiň binýatlyk ýaşyndaky çagalaryň kabul edilýän toparlary bolan bakja (kiçi, orta, uly bakja) toparlarynda çagalary terbiýelemekde köp ugurly we anyk häsiýetli işleri alyp barmak, bu babatda çagalar bagy bilen maşagalanyň işiniň netijeliligini artdyrmak öz ähmiýetini we wajyplygyny ýitirmeýär. Şonuň üçin hem gyzyklydan gymmatly maglumatlary we maslahatlary öz içine alýan şeýle çeşmeleri öwrenmek, toplamak we peýdalanmak welaýatymyzyň çagalar bakja-baglarynyň iş tejribesiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar nesillerimizi has irki döwürden başlap döwletli zamanamyza mynasyp we netijeli kemala getirmek ugrunda mekdebe çenli bilim-terbiýe ulgamynyň işini kämilleşdirmäge uly üns berýän we bu ugurda ähli mümkinçilikleri döredip, her bir işde belent nusga görkezýän Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli körpe nesilleriň, ata-eneleriň we her bir bilim işgäriniň kalbynda we zybanynda egsilmez alkyşlar bar.
Gülnar ANNAÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.