Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oba hojalyk pudagynda möhüm möwsümiň — pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýratyn nygtady. Bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Netijede, düýn Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda il sylagly ýaşulularyň «bismillasy» bilen pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak babatda maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan pagtaçylygyň obasenagat toplumynyň möhüm ähmiýetli pudagydygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Pagta süýümi innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçiligi ýola goýmakda Diýarymyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýar. Dokma senagatynyň önümleri bolsa dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeleriň netijesinde obasenagat toplumynyň kuwwaty barha ýokarlanýar. Onuň möhüm ugurlary oba hojalygynyň häzirki zaman önümçilik we hyzmat ediş düzümlerini döretmekden, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmakdan, ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmakdan ybaratdyr.
Oba hojalyk ekinlerini suwarmaga, pudagyň tehniki binýadyny täzelemäge uly möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şu maksatlar bilen, döwlet tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga tarap ugur alyndy. Şunuň bilen bir hatarda, ylmy seçgiçilige, gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýan täze sortlarynyň döredilmegine uly üns berilýär.
Žahan MIRABOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.