Bilim bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy hasaplanýar. Şoňa görä-de, parasatly halkymyz öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda jemgyýetimizi jebislige, beýik ösüşlere ruhlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilmegi, täze bilim ojaklarynyň açylmagy bolsa milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp beýanydyr.
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli döwrebap mümkinçilikler durmuşa geçirilýär. Şu ýylda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynynyň» kabul edilmegi bilen, iň gowy dünýä tejribesinden we bilim ulgamynyň milli aýratynlyklaryndan ugur alýan bilim özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga berildi.
Milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Şoňa görä-de, Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basýan körpelerimize ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleriň gowşurylmagy, eziz Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir.
Ýeri gelende bellesek, 1-nji sentýabrda paýtagtymyzda mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde 960 orunlyk hem-de Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda 400 orunlyk mekdebiň, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasynda 160 orunlyk çagalar bagynyň, Mary şäherinde 500 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň dabaraly açylmagy bilim özgertmelerimiziň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän 540 orunlyk orta mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi bolsa halkara gatnaşyklarynda ylym-bilim ulgamyna uly ornuň degişlidiginiň aýdyň görkezijisi boldy.
Döwlet BAÝRYÝEW,
Çärjew etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.