Göwje miwesi adam saglygy üçin örän peýdaly miweleriň biridir. Bu miwäniň dermanlyk ähmiýetini ilkinji gezek hytaýly himik, alym we lukman Tao Hong Jin anyklady.
Gadymy hytaý rowaýatynda Tang neberesiniň höküm süren döwründe ybadathana baran adamlar saglyk ýagdaýynyň gowudygyny şol ýer bilen baglanyşyklydygyny aýtýarlar. Sebäbi ybadathananyň golaýynda göwje agajy bolup, şol agajyň düýbünde guýy bolupdyr we ybadathana barýan adamlar guýudan suw içýän ekenler. Göwje şol guýunyň içine düşýän eken.
Göwje miwesi kada boýunça iýilende adam ömrüni uzaltýar. Şonuň üçin gadymy hytaýlylar göwje miwesini başgaça “uzak ömrüň miwesi” diýip atlandyrypdyrlar. Göwje agajynyň çig miweleri zäherlidir. Ol çigligine iýilende, derä uly zyýan ýetirip bilýär. Şonuň üçin göwje miwesi diňe guradylan görnüşinde iýip bolýar. Bu miwe örän seýrek duş gelýär. Şonuň üçin hem bahasy gymmatdyr.
Bu miwe özünde 50-ä golaý witaminleri saklaýar. Göwje miwesi horlandyryjy häsiýete eýedir. Göwje miwesini her gün 20-40 gram iýmeklik maslahat berilýär.
«TürkmenGazet».