Guwançly wakalar ýakymly duýgulary bagyş edýär. Olaryň täsirinden saplanyp ýetişmänkäň, täze şanly wakalar durmuşyňa dolup, göwün guşuňy ganatlandyrýar. Sentýabr bolsa uly wakalara, dabaralara baý: bu aýda Türkmenistan Garaşsyzlyk gününi belleýär! Kalbymyzda we aňymyzda üýtgeşik täsir hem-de duýgy döredýän bu baýramçylyk öz-özümize düşünmek üçin hem, dünýäde eýeleýän abraýly, derejeli ornumyzy bilmek üçin hem, goňşulardyr alysda ýaşaýan halklaryň bize bolan hoşniýetli garaýyşlaryny syzmak üçin hem aýratyn ähmiýetli senedir.
Adatça bolşy ýaly, halkymyz Garaşsyzlyk baýramyny — ýurdumyzyň baş toýuny hakyky türkmen myhmansöýerligi bilen uludan tutar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 33 ýyllygyna görülýän taýýarlyk, döwlet berkararlygynyň şanly toýuny mynasyp garşylamak baradaky meseleler döwlet derejesinde öňden bäri ara alnyp maslahatlaşylyp gelinýär. Türkmen halky üçin bu şanly senäniň ähmiýeti ymgyr uly, onuň köpmüňýyllyk taryhy XXI asyrda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar boýunça ýetilen belent sepgitler bilen dabaralanýar. Şonuň üçin türkmenistanlylaryň ählisi — ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşlysyna çenli ýetip gelýän baýramçylygy mynasyp garşylamagy maksat edindi.
Garaşsyzlyk baýramy beýik işlerimiziň dabaralanmasydyr. Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň sene ýazgysy köp sanly ajaýyp wakalar hem-de işler bilen bellenildi. Täzeden galkynan türkmen topragy, ýüzlerçe täze ykdysady desgalar, bol hasyl eçilýän meýdanlar, bagtly durmuş, erkin adamlar — gysga wagtda-da örän köp zat edip biljekdigimizi, ähli başarnygymyzy bir ýere jemläp, geçilmesi mümkin däl hasaplanylan sepgitleri eýelemegi, päsgelçilikleri yzda galdyrmagy we ýeňiş gazanmagy başarýandygymyzy subut etdi. Indi geçilen ýola ser salyp, edilen we edilýän işlere baha bermek bilen, Garaşsyz Türkmenistanyň gözümiziň alnynda ýazylan täze taryhyna buýsanmaga haklydyrys.
Sentýabr aýy — halkymyzyň sabyrsyzlyk bilen garaşan aýy. Beýik baýramçylyk — ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlyk toýy bu aýa aýratyn dereje, şöhrat berýär. Bu ganatly jümläni näçe gaýtalasaň, gaýtalasyň gelýär. Onda jady, lezzet, mähir bar. Bu aýyň her bir gününiň şanly toýuň dabaralary bilen beslenmegi ýüregiňi has-da joşduryp, ruhuňy galkyndyrýar.
Gülaýym ALLABERDIÝEWA,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň statisti.