Şu günler ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik işgärleri, mekdep okuwçylary hem-de ene-atalar ýakynlap gelýän täze okuw ýylyny garşylamaga işjeň taýýarlyk görýärler. Umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçen awgust maslahatlarynda hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň ileri tutulýan wezipeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli derejelerinde bilim berlişini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Eziz Watanymyzyň şu güni we ertiri edepli, kämil, bilimli nesillerimize baglydyr.
Biziň çagalar bagymyzda döredilen ähli mümkinçiliklerdir şertlerden netijeli peýdalanyp, çagalaryň mekdebe taýýarlykly barmaklary üçin dünýä tejribelerini öwrenmek arkaly körpelere bilim we terbiýe berilýär. Geçen okuw ýylynda çagalar bagymyzda oýun görnüşinde sapaklar guraldy, baýramçylyk säherlikleri, bäsleşikler geçirildi, sergiler guraldy, körpelerimiz wagtlaryny şadyýan geçirdiler. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, çagalara daşary ýurt dilleri ýörite lingafon otaglarynda öwredilýär. Körpeleriň kompýuter başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen ýörite kompýuter otaglarynda sapaklar oýun görnüşinde guralyp geçirilýär. Çagalaryň sagdyn kemala gelmekleri, olarda sport oýunlaryna höwes döretmek üçin dürli görnüşli sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan otaglarda bedenterbiýe sapaklary geçirilýär. Çagalar bagymyzda «Açyk gapylar» güni geçirilip, ata-eneler okuw-terbiýeçilik işleri bilen ýakyndan tanyşdyrylýar. Bilim işgärlerimiz okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça pedagogik geňeşlerde we usuly sagatlarda çagalary terbiýelemekde milli ýörelgelerimiz we öňdebaryjy tejribeler boýunça gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşyp, iş tejribesine ornaşdyrýarlar.
2024 — 2025-nji okuw ýyly bosagada dur. Täze okuw ýylynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçiriljek ilkinji okuw sapagynda körpelere şu günki bagtyýar durmuşymyz, milli däp-dessurlarymyz barada giňişleýin düşünjeleri, döwrebap bilim-terbiýe bereris. Täze okuw ýyly biziň öňümizde uly jogapkärçilikli wezipeleri goýýar.
Akjagül BALYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 14-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.