Siziň üçin...

Kämil bilim-terbiýe – bagtyýar nesilleriň geljegi

24-08-2024 / 45

Çaga terbiýesi hemişe hem halkymyzyñ üns merkezinde saklanýar. Munuň şeýledigini geçmiş taryhymyzyñ sahypalaryna ser salanyňda hem görmek bolýar. Ata-babalarymyzyñ ýörelgesinde, halkymyzyñ durmuş adatlarynda asyrlar boýy ýaşap, kämilleşip gelýän perzent terbiýesi babatdaky ýörelge häzirki ajaýyp döwrümizde has-da rowaçlanýar. 

Garaşsyz Türkmenistanyñ ak ertirleriniñ eýeleri hasaplanylýan bagtyýar körpeleriñ milli ruhda terbiýelenmeginde, sowat öwredilmeginde bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarynyñ hem uly orny bar. Häzirki wagtda bilim-terbiýeçilik edaralarynyñ hatarynda çagalar bakja-baglaryna gatnaýan körpeler zamanabap terbiýelenip, olaryñ kadaly irki ösüşini gazanmak, ýaş aýratynlyklaryna görä sowat öwretmek we mekdebe taýýarlamak işleri ylmy esaslarda, döwlet maksatnamalaryñ  ýörelgelerinde we milli häsiýetde alnyp barylýar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçirilýän ähli okuw mazmunly işleriñ, çäreleriñ içinden bolsa terbiýeçilik ugurly başlangyçlar eriş-argaç bolup geçýär. Ýaş nesilleriñ göwnejaý dynç almagy, iýmitlenmegi, durmuş endikleri, gylyk-häsiýetleri köp ugurly wezipeler arkaly terbiýelenýär. Çagalaryñ körpejelik mahalyndan beden taýdan sagdynlygy, akyl taýdan kämilligi, edepliligi gazanylmagy ugrunda toplumlaýyn okuw-terbiýeçilik, usuly-guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Ýaşajyk türkmenistanlylaryñ watansöýüji, zähmetsöýer, berk bedenli, giñ dünýägaraýyşly keşbini kemala getirmek üçin çagalar bakja baglarynda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.

Bagtyýar nesilleriñ mynasyp kemala gelmekleri, şadyýan ruhda ösüp ulalmaklary ugrunda döwletli tutumlara rowaçlyk berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, nesilleri terbiýelemegiñ gymmatly çeşmesi bolan arzyly kitaplaryny peşgeş berip, asylly işlerde belent nusga bolýan Milli Liderimize ene-atalaryñ, bilim-terbiýeçilik işgärleriniñ, körpeje nesillerimiziñ, tutuş halkymyzyñ hoşallygy egsilmezdir.

Aýgül SAPARBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 32-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu