Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, milli bilim ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanylýar, uzak we orta möhletli döwlet maksatnamalarydyr meýilnamalar, strategiýalar, konsepsiýalar kabul edilýär. Olaryň hemmesi ýurdumyzyň bilim ulgamyny halkara standartlara laýyklykda kämilleşdirmegi, ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.
Şeýle möhüm resminamalaryň biri — “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” şu ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda tassyklanyldy. Konsepsiýa bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, okuw işine innowasion usullary giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi. Ol umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň ähli derejelerini öz içine alýar we her bir derejede okatmagyň usulyýeti babatda öňde durýan maksatlarydyr wezipeleri kesgitleýär.
Täze Konsepsiýa laýyklykda, başlangyç bilim derejesiniň bilim maksatnamasy boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek wezipesi milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň üçin çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, başlangyç bilim derejesinde, okuw-terbiýeçilik işinde başarjaňlyk çemeleşmesinden ugur almak möhümdir. Sebäbi umumybilim maksatnamasynyň bu derejesinde okuwçylarda kemala getirilýän başarnyklar olaryň geljekde üstünlikli okamaklarynyň, täze bilim başarnyklarynyň kemala gelmeginiň we ösdürilmeginiň, sazlaşykly ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleriniň berk binýady bolup durýar.
Esasy orta bilim derejesiniň bilim maksatnamasy boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek işi okuwçylaryň öwrenijilik işjeňligini, konstruktorçylyk ukybyny, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Doly orta bilim derejesinde okatmagyň usulyýeti bolsa üstünlikli ulanylyp gelinýän pedagogik tehnologiýalary, okuwçylaryň ýaş, jyns aýratynlyklaryny, bilim goruny, kemala gelen şahsy aýratynlyklaryny, saglygyny, ukyp-başarnyklaryny, milli we umumadamzat gymmatlyklaryna bolan garaýyşlaryny, isleg-arzuwlaryny, durmuş ýörelgelerini, geljekki hünärine bolan garaýşyny nazara almak esasynda amala aşyrylar.
Şeýle-de Konsepsiýada umumybilim maksatnamalary boýunça okaýanlara döwrebap, ýokary hilli bilim bermek üçin milli bilim ulgamyna zerur bolan ökde pedagogik işgärleri taýýarlamakda okuw dersleriniň, usulyýet, psihologik-pedagogik taýýarlygyň, onuň netijelerine baha bermegiň bir bitewi çemeleşmesini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Biziň baş maksadymyz hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlary kemala getirmekden, kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu işde öz zehin-başarnygymyzy, gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, halal zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Ogulnabat GÜJÜKBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 27-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.