Siziň üçin...

Kämil jemgyýetiň sarsmaz binýady

17-08-2024 / 13

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Esasy Kanunymyza halkymyz çäksiz buýsanýar we uly hormat goýýar. Konstitusiýamyz iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolup, ol halkara we ýerli hukuk tejribesinde ençeme onýyllyklaryň dowamynda emele gelen häzirki döwrüň konstitusion esasyny we meýillerini özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi. Bu senäniň ähmiýeti ýurdumyzyň her bir raýaty üçin düşnüklidir we ýürege ýakyndyr. Pederlerimiziň ruhy mirasymyz baradaky pikirleri hem-de nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek, ynam, hoşniýetlilik we adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň özenini düzýär.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Konstitusiýa erkin, asuda, parahat we bagtyýar durmuşymyzyň kanuny kepillendirmesi bolup durýar. Konstitusiýamyz esasynda biz jemgyýetimiziň hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk binýadyny döretdik» diýip nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy hukuk we jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmegiň binýady bolup çykyş edýär, raýat jemgyýetiniň kemala getirilmegine we ösdürilmegine mümkinçilik döredýär.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasy ugurlary özünde jemlemek bilen, ol döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi nazara alnyp, baýlaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde bu resminama düýpli mazmuny, Adam hukuklary baradaky ählumumy Jarnamanyň, raýatlyk we syýasy hukuklar, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklar baradaky halkara resminamalaryň esasy ýörelgelerini hem-de ugurlaryny özünde jemleýär.

Türkmenistan hukuk döwletidir. Bu bolsa biziň döwletimizde kanunyň hökmürowanlygynyň bellenendigini, halkyň erk-islegi göz öňünde tutulyp, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilýändigini görkezýär. Kabul edilýän uzak möhletleýin maksatnamalar bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetini barha pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Atajan AŞIROW,
Türkmenabat şäheriniň prokuraturasynyň uly sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu