Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, döwletimiziň esasyny, jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginiň ygtybarly kepiline öwrülýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň ösen döwletleriňkä kybap ýaşaýyş derejesini üpjün etmek ugrunda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Öňdebaryjy dünýä tejribesine, ylma, bilime we iň täze tehnologiýalara daýanmak ýörelgesi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ilkibaşdan saýlap alan içeri we daşary syýasatynyň düýp özeninde goýlandyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara hukugynyň ýörelgelerine esaslanyp, demokratiýany ilerletmek bilen baglylykda, ýurdumyzda raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge, dünýä ölçeglerine laýyklykda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmäge, hukuk taýdan goramaga, syýasy ulgamy ösdürmege, şeýle-de kämilleşdirmäge yzygiderli üns berýärler. Munuň özi ilatyň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga işjeň gatnaşmagyna, raýatlaryň durmuş, syýasy hukuklarynyň täze mazmun bilen baýlaşmagyna oňaýly täsir edýär.
Milli agzybirlige, syýasy durnuklylyga bil baglamak bilen, ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklaryny, şol sanda oba hojalygyny, gurluşyk materiallary senagatyny, nebitgaz, dokma, himiýa toplumlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak, durmuş-medeni ugurly şähergurluşyk ulgamyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine esaslanýan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ileri tutulýan maksatlaryň hatarynda durýar.
Döwletimizde iri möçberli, kämil ylym-tehnologiýaly, ýokary sygymly senagat toplumlaryny gurmak işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen döwrebap ykdysady strategiýa laýyklykda amala aşyrylýar. Milli ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda geljegi nazarlaýan her bir başlangyçda, tutumly işlerde, ägirt uly taslamalary amala aşyrmakda berk jogapkärçilik, işi hökmany tertipnama laýyk ýerine ýetirmek hem hasabatlylyk ýörelgesi pugta ileri tutulýar. Döwlet dolandyryş düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça bellenen çäreler hut şu maksada gönükdirilendir.
Binýady berkden tutulan kuwwatly döwletimizi pugtalandyrmakda ak ýürekden, halal zähmet çekmek her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Bize bu ugurda ajaýyp mümkinçilikleri döredýän hem-de nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Serdar AHMEDOW,
Türkmenabat şäheriniň prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.