Siziň üçin...

Agzybirlikde, jebislikde Halk Maslahatyna!

15-08-2024 / 7

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatymyzyň tutuş many-mazmunyny özünde jemleýändigi babatda hem-de döwletliligi berkitmegiň ähli jähetlerini hukuk taýdan kemala getirmekde, döwletiň we jemgyýetiň ösüşleriniň hemme tapgyrlaryny guramaçylyk-hukuk taýdan esaslandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýeti bardyr.

Ata-babalarymyzyň nesillerimize miras goýan pähim-paýhaslylyk ýörelgelerini kämilleşdirmek, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly däplerinden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň milliligine mahsus kadalara esaslanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň dolandyryş çözgütleriniň ähmiýeti uludyr.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdumyzda kanunyň hökmürowanlygynyň, milli kanunçylygyň talaplarynyň pugta berjaý edilýändiginiň, yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň özboluşly mysaly boldy. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan çuň manyly çykyşy, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm başlangyçlaryň beýan edilmegi demokratiýanyň ýörelgeleriniň ulgamlaýyn durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Golaýda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden Kararyna laýyklykda, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak bellenildi. Şanly ýylymyzda geçiriljek umumymilli forum akyldar şahyrymyzyň arzuwlan berkarar döwletlilik taglymatynyň barha rowaçlanýandygynyň ajaýyp beýanyna öwrüler.

Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge mynasyp goşant goşmaga, döredijilikli zähmet çekmäge, ukyp-başarnygymyzy açmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýunusjan BAZAROW,
Türkmenabat şäheriniň prokuraturasynyň uly sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu