Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürüp, halkymyzyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy hakynda uly alada edýär. Halk arasynda: «Hemme zadyň sakasy — saglyk», «Saglyk bolsa beglik bolar» diýen parasatly pähimler bar.
Adam we onuň saglygy döwletimiziň gymmatly baýlygydyr. Halkymyz sagdyn bedenli, päk ahlakly nesilleri terbiýeläp, ýetişdirmäge uly ähmiýet berýär. Paýhasly ata-babalarymyzyň «Görk — agyzdan» diýip aýdyşy ýaly, kadaly iýmitlenmegiň hem sagdyn ýaşamaga uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz ak bazarlarymyzy ýylyň hemme paslynda ýokumlara baý önümlerden doly bolmagy üçin eden aladalaryny lezzetini görýäris. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabyny okap, saglyga peýdaly dermanlyk ösümlikler barada köp zatlary bilýäris.
Geçmişde dana pederlerimiz nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdirler. Röwşen geljegi nazarlaýan bu iňňän derwaýys mesele dogrusynda hormatly Prezidentimiz hem ýadawsyz alada edýär. Oba-kentlerde, etrap-şäherlerde, welaýat merkezlerinde sport mekdeplerini, sport toplumlaryny, saglyk öýlerini açyp berdi. Diýarymyzda bellenilýän milli baýramçylyklarymyzda sportuň, bedenterbiýäniň dürli görnüşleri baýramçylyk meýdanlaryny bezeýär. Sportuň dürli görnüşlerinden mekdeplerde, edara-kärhanalarda bäsleşikler geçirilip durulýar. Şeýle türgenleşikleriň ýola goýulmagy ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent, gujur-gaýratly bolmaklaryna ýardam edýär.
Halkyň saglygy ýurduň baýlygydyr. Keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň özenini düzýär. Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň hem ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Şabibi KEBELÄÝEWA,
Darganata etrap hassahanasynyň Sakararyk obasynyň maşgala lukmany.