Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýan ildeşlerimiz mynasyp zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna barýar. Bu şanly wakanyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa halkymyzyň agzybirliginiň, hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň aýdyň güwäsine öwrüler.
Täze taryhy döwürde berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, döwletimiziň kuwwatlanmagyna ýardam bermekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi däbe öwrülen bu wajyp çäre döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny görkezýär. Onda döwletli geňeş esasynda taryhy çözgütler kabul edilýär.
Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan beýik ösüş-özgertmelerde Halk Maslahatynda kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti uludyr. Türkmen jemgyýetiniň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýany ösdürmekde gazanylýan üstünlikler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary, beýik işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň halk häkimiýetliligini pugtalandyrmakdaky tagallalary Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň we mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslaryny barha berkidýär.
Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, durmuş syýasatynyň barha rowaçlanmagy, döwlet häkimiýetini dolandyrmagyň gözbaşynda ösen raýat jemgyýetiniň durmagy demokratik, hukuk döwletiniň esasy alamatlarydyr. Türkmenistanda ilatyň durmuş taýdan goraglylyk ulgamynda geçirilýän her bir özgertme kanunçylyk esasynda kepillendirilýär. Şu jähetden her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylýar. Diňe şunuň özi-de biziň ýurdumyzda ähli tutumly işleriň halkyň bähbidine gönükdirilýändigini görkezýär.
Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ildeşlerimiziň, şol sanda bilim işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat etmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Berkarar Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen barha öňe alyp barýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Muhammet ÇARYÝEW,
Ahal welaýat kazyýetiniň hünärmeni.