Ýaşlar jemgyýetiň gymmatly güýjüdir. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlary ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler, jemgyýetimiziň we raýatlarymyzyň abadançylygyny maksat edinýän jemgyýetçilik hem-de döwlet işlerine işjeň gatnaşýarlar.
Bu wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň özeninde döwlet möçberinde ýaşlaryň goldanylmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalary, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» durmak bilen, onuň üstünlikli amala aşyrylmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna wajyp orun degişlidir.
Ýaşlar guramasy ýaşlaryň meseleleriniň çözülmegine olaryň gönüden-göni özleriniň gatnaşmagyny üpjün edýär. Şu jähetden alnanda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy häzirki wagtda ilatyň uly bölegini — ýaşlary bir maksada birleşdirýär. Bu gurama ýaşlaryň ykdysady, medeni, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryna we täze sepgitlere ýetmeklerine ýardam berýär. Munuň şeýledigini her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşýanlaryň arasynda Ýaşlar guramasynyň agzalaryna giň ornuň berilmegi hem aýdyň tassyklaýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we onuň agzalary Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisine häzirki wagtdan işjeň taýýarlyk görýärler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda kabul edilen degişli kanunçylyk namalary ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň berk hukuk esaslaryny düzýär. Häzirki döwürde degişli maksatnamalar esasynda bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk hem giňeldilýär. Şunda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen Strategiýada bilim we ylym ulgamy, şol sanda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda iri daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak mümkinçiliklerini öwrenmek esasy ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Ýaşlaryň ylmy diplomatiýa gatnaşmaklaryny goldamak, halkara ylmy forumlary geçirmek ýaly ençeme çäreler göz öňünde tutuldy.
Ösüşleriň hereketlendiriji güýji hasaplanýan ýaşlaryň güýç-gaýratyny mundan beýläk-de tijemek biz — Ýaşlar guramasynyň hünärmenleriniň öňünde durýan baş wezipedir.
Roza TAŞPOLATOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň buhgalteri.