Şanly günlerimizde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararynyň tassyklanylmagy şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, ýagny 24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigi şübhesizdir.
Jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi däbe öwrülen bu wajyp çäre döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny görkezýär. Onda döwletli geňeş esasynda taryhy çözgütler kabul edilýär. Döwrümiziň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy maslahatyň il-ýurt bähbitli çözgütleriň kabul edilmeginde örän uly orny bar. Bu işlere bagtyýar ýaşlarymyz hem işjeň gatnaşýarlar. Sebäbi bu syýasy-jemgyýetçilik maslahatynda kabul edilýän çözgütler ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljegine gönükdirilendir.
Halk demokratiýasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hereket etmegi halkymyzyň nurana geljegine ynamyny has-da berkidip, ýaş nesilleriň Watanymyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Munuň özi agzybirligi, jebisligi, halk demokratiýasyny ýörelge edinen türkmen halkynyň gadymdan bäri döwlet gurluşy bilen bagly toplan baý tejribelerini durmuş ýüzünde amala aşyrmaga uly ýardam berer.
Hakyky watançy ogul-gyzlary kemala getirmek, ýaşlary zähmete höweslendirmek, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmak işlerini özüne baş wezipe edip goýýan Ýaşlar guramasy hem döwrüň talaplaryna laýyklykda, iş usullaryny düýpli özgerdip guraýar hem-de kämilleşdirýär. Guramanyň Merkezi geňeşi, welaýat, etrap, şäher guramalary ýaşlar bilen alyp barýan işlerini güýçlendirýär, dürli görnüşli wagyz ediş, medeni-köpçülik çärelerini geçirýär.
Biz — Ýaşlar guramalarynyň wekilleri mundan beýlägem öz öňümizde durýan möhüm wezipelere abraý bilen hötde gelmekde, Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerine ygrarly bolmakda hem-de mähriban Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmekde mynasyp işleri alyp barjakdygymyza, hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmakda tutanýerli yhlasly goşantlarymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys.
Dünýägözel HAÝTEKOWA,
TMÝG-niň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.