Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda il-ýurt bähbitli beýik işler, asylly ýörelgeler, belent maksatly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, saglygyny, mekdebe taýýarlygynyň talabalaýyk bolmagyny göz öňünde tutýar.
Mälim bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Bu döwür çagalar üçin-de, ata-eneler üçin-de örän jogapkärli we möhümdir. Mekdep ýaşyna ýetmedik körpe çagalar daş-töwerek baradaky ilkinji düşünjeleri, edep-terbiýäni mekdebe çenli çagalar edaralarynda alýarlar hem-de mekdep okuwyna taýýarlanýarlar. Bu döwürde ata-eneleriň terbiýeçiler bilen bilelikde sazlaşykly işleri alyp barmagy maksadalaýykdyr. Mekdebe çenli çagalar edaralary özüniň ähli terbiýeçilik we bilim beriş işlerini döwlet maksatnamasy esasynda alyp barýarlar. Olara ýörite bilimi bolan terbiýeçiler ilkinji bilimleri we edep-düzgünleri ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda öwredýärler.
Mekdebe çenli çagalary mekdebe netijeli taýýarlamak we olaryň geljekde üstünlikli okamaklaryny üpjün etmek üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek esasy işlerimiziň biridir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaga uly ähmiýet berýäris. Bu çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Guralýan sapaklarda kompýuterlere we multimedia tagtalaryna bolan ilkinji düşünjeler peýda bolýar. Çagalar başlangyç synpa baranlarynda olara berilýän şahsy kompýuterler bilen öňden tanyş bolandyklary üçin tehnologiýa erk etmegi başarýarlar. Çagalar bilen sapaklarda slaýd şekillerine hem tomaşa edilýär. Şekillendiriş, surat sapaklarynda çagalar dürli şekilleri döretmegi, kagyzlardan dürli ölçegdäki zatlary ýasamagy öwrenýärler. Başlangyç synpa baranda çaga eýýäm bu ugurdan başarjaňlygy bilen tapawutlanýar.
Milli bilim ulgamynda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Leýla TUWAKOWA,
Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.