Siziň üçin...

Ýaş nesiller bagtyýar

06-08-2024 / 28

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň hukuklaryny goramak, durmuş abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy» tassyklanyldy.

Ýurdumyzda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy döwlet tarapyndan hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny berkitmek meseleleriniň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan gazna bolup durýar. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda bu gaznanyň döredileniniň 3 ýyllygy giň gerim bilen bellenip geçildi.

Şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem Türkmenistanda ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen üstünlikli özgertmeleriň alnyp barylýandygyny äşgär edýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, şäherlerde we obalarda häzirki zaman enjamlary, multimedia we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, sport merkezleri hereket edýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde häzirki zaman çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede gurlan sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde her ýyl çagalaryň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly hem-de manyly geçirýärler.

Ýurdumyzda irki ýaşdan başlap, körpeleriň beden, ruhy taýdan sagdyn ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralary bilim ulgamynyň iň möhüm basgançagy bolup durýar. Körpelere bilim we terbiýe berlip, ilkinji düşünjeler kemala getirilýär. Ata-babalarymyz hem dil öwrenmäge uly ähmiýet beripdirler. Çagalar bakja-bagynda, ilkinji nobatda, ene dilimiziň öwredilişi üns merkezinde saklanylýar. Ene dilimiz bilen bir hatarda iňlis dili, rus dili sapaklary hem guralýar. Çagalar bakja-bagynda guralýan sapaklar okatmagyň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi kämil şahsyýetleri kemala getirmekde möhüm başlangyçdyr.

Sapartäç JEPBAROWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu