Jemgyýetimiziň kämil şahsyýeti terbiýelemek babatdaky tagallasyna ata-babalarymyzyň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» pähiminden ugur alyp, bagtyýar ýaşaýşyň möhüm şertleriniň biri hökmünde garalýar. Gahryman Arkadagymyz: «Milletiň saglygy we onuň rowaçlygy ýurdumyzyň baş baýlygydyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler halkymyzyň ruhy we beden saglygyny berkitmäge gönükdirilendir.
Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary we dürli sport desgalary sport syýasatyny durmuşa geçirmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýy guwançly belentliklere çykýar. Muňa türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda we halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri doly şaýatlyk edýär.
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebimizde hem ýaşlary bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmegiň meselesine hemişe uly üns berilýär. Bu ugurda sport mekdebimiz tarapyndan netijeli işler durmuşa geçirilip, ýaşlarda sporta höwes döretmek möhüm meselelerimiziň biri bolup durýar. Jemgyýetçilik guramalary,, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary gurap, olarda ýeňiji bolýanlaryň höweslendirilmegi gürrüňi edilýän meselede bähbitli çözgütleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Etrabymyzyň çäginde ýaşlarda sporta höwes, söýgi döretmekde alnyp barylýan işler özüniň netijesinem berýär.
Biziň sport mekdebimize gatnap, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň sanynyň barha artýandygy ýokarda ýatlanymyza aýdyň mysaldyr. Garaşsyz döwletimizde ilaty, esasanam, ýaşlary bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmegiň bähbitli taraplary köp. Ilki bilen-ä, sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşy bolmak bilen bu ulgamyň ösdürilmegi halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ähmiýeti örän uludyr.
Allak ALLAKOW,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň müdiri.