Kanunçylyk

Halk Maslahaty — hakyky halk demokratiýasy

03-08-2024 / 250

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýan ildeşlerimiz mynasyp zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyna barýar. Bu şanly wakanyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa halkymyzyň agzybirliginiň, hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň aýdyň güwäsine öwrüler.

Täze taryhy döwürde berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermekde, döwletimiziň kuwwatlanmagyna ýardam bermekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, giň gerimli maksatnamalaýyn işleri rowaçlandyrmakda Halk Maslahatynyň möhüm orny bar. Jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi däbe öwrülen bu wajyp çäre döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny görkezýär. Onda döwletli geňeş esasynda taryhy çözgütler kabul edilýär.

Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan beýik ösüş-özgertmelerde Halk Maslahatynda kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti uludyr. Şeýle özgertmeleriň bilim ulgamynda hem barha giň gerim alýandygy uly ruhubelentlik döredýär. Berkarar Watanymyzda bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň döwrebap binalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegi, sanly bilim ulgamynyň we okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagy kämil bilimli, watansöýüji, giň düşünjeli, sagdyn ruhly, berk bedenli nesli kemala getirmäge, bilim işgärleriniň netijeli we döredijilikli zähmet çekmegine şert döredýär.

Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini ildeşlerimiziň, şol sanda bilim işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat etmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Berkarar Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen barha öňe alyp barýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Myrat ANNAÝEW,
Türkmenbaşy etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň müdiri, Balkan welaýat Halk Maslahatynyň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu