Siziň üçin...

Baş maksat: bilimli, hakyky watançy nesilleri terbiýelemek

03-08-2024 / 10

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 25-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmäge, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmaga, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýene-de bir döwletli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.

Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmeginiň, täze tehnologiýalaryň döremeginiň, ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagynyň bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegini talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet, halkara bilim standartlaryna laýyk getirýän resminamanyň — Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Bu çözgüt milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, ylymly, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge, okatmagyň hilini, bilimiň mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny kämilleşdirmäge, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalaryň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar.

Şu günler ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler.

Bilim işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak dowam edilip, okatmagyň dünýä tejribesinden peýdalanmak bilen, okuwçylaryň akyl ýetirijilik, öwrenijilik işjeňligi, konstruktorçylyk, özbaşdak pikirleniş endikleri ösdüriler. Üznüksiz bilim ulgamynyň mazmunyny hil taýdan täzelemek, taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini, başarnyklaryny ösdürmek babatdaky işler döwrebaplaşdyrylar. Şeýle hem umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň esasynda, ýaşlara çuňňur bilim we döwrebap terbiýe bermek, olary iş ýerleri bilen üpjün etmek, mekdepden daşary we goşmaça bilimiň häzirki zaman usullary we ugurlary babatda degişli işler durmuşa geçiriler. Konsepsiýada bellenenleriň iş ýüzünde ornaşdyrylmagy esasynda, bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň üsti ýetirilip, ýaş nesliň döwrebap kemala getirilmeginde geçirilmeli işleriň many-mazmuny täzelener, baýlaşdyrylar we geljekki ösüşleriň berk binýadyna öwrüler.

Bilim ulgamynyň ösüşine baha bermek, orta mekdeplerde pedagogik işgärlere bolan zerurlyklary seljermek, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagy guramakda iň gowy halkara tejribeleriň öwrenilmegi Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýany durmuşa geçirmekde öňde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Aýgül MÄTNIÝAZOWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu