Siziň üçin...

Ene süýdi we çaga

13-07-2024 / 15

Ene süýdi çaganyň sagdyn ösmeginde iň zerur iýmitdir. Il içinde ene süýdi mukaddes hasaplanylýar, sebäbi ol dünýä inen bäbegiň geljekdäki hemmetaraplaýyn kämil ynsan bolup ýetişmeginde esasy orny eýeleýär. Hemme döwletlerde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem ene süýdi bilen iýmitlendirilmeklige uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we ony goldamak” Milli maksatnamany kabul etdi we onda meýilleşdirilen işler amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sagdyn bäbegiň ilkinji 2 sagadyň dowamynda ene süýdi bilen iýmitlendirmeginiň ýola goýulmagy diňe çaga üçin däl-de, eýsem enäniň saglyk ýagdaýyna hem gowy täsir edýändigi anyklanyldy.

Ene süýdi düzümi boýunça üç topara bölünýär, ýagny owuz, aralyk, hemişelik. Owuz süýdi mukdarynyň azdygyna garamazdan, öz düzüminde bäbek üçin iň gymmatly bolan maddalary (immunoglobulinler, mikroelementler, beloklar, we ş.m.) saklaýar we dünýä inen bäbegiň daşky gurşawda uýgunlaşmagyna onuň dürli ýokançlardan goranmak ukybynyň berkemegine goldaw berýär. Bäbegi dessine ene süýdi bilen iýmitlendirmek enäniň saglyk ýagdaýyna hem oňat täsir edýär. Ýagny dogumdan soňky ýagdaýlaryň ýeňil geçýändigi, enede howply täze döremeleriň öňüniň alynýandygy  ylmy taýdan doly derejede subut edildi.

Ene süýdüniň esasy iýmit düzümi (beloklar, ýaglar, uglewodlar) özara sazlaşykly mukdarda bolup, entäk  morfo-funksional taýdan ösüp ýetişmedik çaga bedeninde doly derejede özleşdirilýär. Diňe ene süýdünde bolan käbir aminoturşulary çaganyň aň-paýhas, intellekt taýdan ösmegine ýardam berýär, şol sebäpli çaga näçe köp wagtlap ene süýdi bilen iýmitlense, şonça-da enä-ata mähirli, ylymly, bilimli jemgyýete peýdaly ynsan bolup ýetişýär. Haýsydyr bir sebäplere görä, çaganyň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegine gapma-garşylyk dörände, ene süýdüniň bolmadyk ýagdaýynda çaga esasyny sygyr süýdi tutýan emeli süýt önümleri berilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynda ýokary tehnologiýalary ulanmak bilen taýýarlanylýandygyna garamazdan, bu emeli süýt önümleri ene süýdüniň ýerini tutmaýandygyna her bir ene düşünmelidir we öz çagasynyň sagdyn ösmegi üçin ony diňe öz süýdi bilen iýmitlendirilmelidigi barada düşünjesi we ynamy bolmalydyr.

Hormatly eneler, siz çagalaryňyzy 6 aýa çenli ýeke-täk diňe ene süýdi bilen iýmetlendirmekligi hem-de 6 aýdan soňra ene süýdi bilen bir hatarda, ýaşyna görä dürli goşmaça naharlary girizmegiňizi maslahat berýäris.

Maýsa BEKMURADOWA,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň akuşer-ginekolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu