Siziň üçin...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri

15-07-2024 / 14

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmaga türkmen ýaşlary işjeňlik we uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Sport, bedenterbiýe çäreleriniñ köpçülikleýin häsiýetde geçirilmegi we dabaralanmagy, olarda ýaş nesilleriň üstünlikli çykyş etmegi buýsanç bilen bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda sport mekdebimizde degişli meýilnama laýyklykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» atly sport ýaryşlary üstünlikli geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Berkarar türkmen jemgyýetinde ösüp barýan ýaş nesliň ählitaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmegi ugrundaky aladalar milli sport syýasaty bilen utgaşykly alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerýän ýaşlarymyz öz sport endiklerini kämilleşdirmek, has ýokary sport netijelerini gazanmak üçin yzygiderli türgenleşip, dürli ýaryşlara gatnaşýarlar. Sport mekdebimizde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» ady bilen geçirilen sport ýaryşlary hem munuň şeýledigini äşgär görkezdi.

Ýaryşlar hakyky dostluk ruhunda geçdi. Şeýle çäreler ýaş nesillerimiziň hyjuwdan doly ýüreklerinde ajaýyp ýatlamalary galdyrýar. Bu ýeňişler watansöýüjiligiň, tutanýerliligiň hem-de hakyky ussatlygyň nusgasyny görkezmek bilen, türgenlerimiziň eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýandyklaryny aýdyň şöhlelendirýär.

Ýeňiji bolan toparlara diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýurdumyzda şeýle sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Muhammetdurdy AHADOW,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebiniň tälimçi mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu