Ýurdumyzyň gallaçy daýhanlarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda boýun alan borçnamalaryna abraý bilen hötde gelendikleri baradaky hoş habar tutuş ilimize buşluk habary bolup ýaýrady. Watan harmanyna ýygnalan galla hasylynyň möçberi 1 million 400 müň tonnadan geçdi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemlände, 2024-nji ýylyň alty aýynyň dowamynda pudaklar boýunça gazanylan ösüş depginlerini kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli berjaý edilýändiginiň subutnamasy hökmünde kanagatlanma bilen belledi. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan ýeňşiniň hem oba hojalygyny iň bir girdejili pudaga öwürmek babatdaky oýlanyşykly döwlet syýasatynyň miweleridigi nygtaldy.
Ak bugdaý — mundan bäş müň ýyl öň, adamzat siwilizasiýasynyň başlangyjynda ata-babalarymyz tarapyndan ýetişdirilen irki azyklyk däne ekini. Gadymy Änew topragyndan tapylan bugdaý tohumy bize diňe bir ata-babalarymyzyň gadymy Oguz han eýýamynda ekerançylykda gazanan ýokary netijeleriniň däl-de, türkmeniň taryhynyň öz gözbaşyny dünýä siwilizasiýasynyň irki döwürlerinden alyp gaýdýanlygynyň ygtybarly güwäsi bolup dolandy.
Ekerançylyk önümleriniň, şol sanda gallanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagynyň oba hojalyk işleriniň şu ýylky netijeliligine gümansyz täsir edendir. Ýöne onuň agrar pudagyň işleriniň görnetin ilerlemegine täsir eden kän görkezijileriň diňe biridigini ýatlamak gerek. Nyrhlar daýhany höweslendirdi, olaryň bähbidini halk şu ýyl duýýar, görýär. Şol bir wagtda oba hojalykçylar şu ýylda tohum, dökün, tehnika, önüm üçin hasaplaşyk ýaly meselelerde öň ýüz beren müşgillikleriň sabap barýandygyny guwanç bilen nygtaýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň, döwletimiziň has alysdaky, has uly bähbitlerini nazarlaýan çözgütlerini hem agzamak gerek. Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň düzüminde birbada üç sany ylym edarasyny, ýagny Ylmy-barlag pagtaçylyk, Ylmy-barlag ekerançylyk we Ylmy-barlag däneçilik institutlaryny döretmegi özgerişlikleriň has düýplüdigine, gadymy we baý daýhançylyk tejribeleriniň ylmyň täze gazananlary bilen jebis utgaşdyryljakdygyna şaýatlyk edýär.
Arzygül TÄŞLIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ 3-nji ýyl talyby.