Türkmen topragynda ýüpekçiligiň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Ýüpekçiligiň milli däpleri, ajaýyp ýüpek matalary we halylary dokamagyň usullary nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Beýik Ýüpek ýoly Gündogardan Günbatara tarap ýaýylyp ýatan düzlükleriň, daglyklardyr çöllükleriň üstünden geçipdir. Bu söwda ýolunyň ady şol wagtlar onda daşalan örän gymmat bahaly harydyň — ýüpegiň ady bilen baglanyşyklydyr. Gadymy Merw dünýäniň ýüpekçilikde ykrar edilen merkezleriniň biri bolupdyr. Bu ýerde eýýäm XII asyrda pile taýýarlamak boýunça kärhanalar hereket edipdir.
Ata-babalarymyz pile öndürmekde ýokary ussatlyga ýetipdirler. Bu iş sungat derejesine ýetirilip, ýüpekden haly we mata dokamagyň ygtybarly usullary döredilipdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eserinde ýüpekçiligiň taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Merwiň ýüpekçilik kärhanalarynda hytaýly senetçilerden bu sungatyň tilsimlerini kemsiz ele alan ussatlar işläpdirler. Şäheri suw bilen üpjün edýän Majan we Razik ýaplarynyň boýunda tut agaçlary ösdürilipdir.
“Pileden çöşlenip alynýan ýüpek sapajyklar näzik, şeýle-de ýokary hilli syk, digir-digir zolakly ýa-da tutuk matanyň ýüzüne çekilen nagyşly ýüpek parçalary, köşgüň, soltanyň ýatýan otagynyň bezeginde peýdalanylýan owadan matalary dokamaga harçlanypdyr. Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir” diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öz eserinde belleýär.
Häzirki döwürde ýüpekçilik ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly pudaklarynyň biri hasaplanýar. Onuň önümlerine içerki we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen toplumlaýyn maksatnamalar bu senediň galkynmagyna itergi berdi. Bu özgertmeler obalarda hil taýdan täze durmuş-ykdysady gatnaşyklary kemala getirmäge, oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmäge, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ýüpek gurçugynyň iň gowy görnüşleriniň ýetişdirilmegi, pudagyň ygtybarly iým binýadynyň döredilmegi ýylsaýyn özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tut agaçlarynyň ekilýän meýdanlary giňeldilýär.
Hatyja ÝAZKULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň Ýüpekçilik hünäriniň 2-nji ýyl talyby.