Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň milli medeni gymmatlygy, ruhy hazynasy hökmünde dünýä ýaýylýar. Munuň şeýledigine 17-nji maýda bütin adamzat nesline nusgalyk eserleri miras goýan akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu taryhy waka diňe bir ildeşlerimiziň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň ýüreklerinde hem buýsanç döretdi.
Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde gurlan bu medeni-seýilgäh toplumy türkmen halkynyň beýik şahyryna bolan synmaz söýgüsiniň subutnamasydyr. Köpetdagy etekläp oturan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylmagy ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Bu şanly wakalara öz ildeşlerimiz bilen bilelikde, daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşdylar. Uzaklardan seleňläp görünýän türkmen şahyrynyň heýkeli her bir watandaşymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Köpetdagyň gözel tebigatynyň goýnunda bina bolan şahyryň heýkeli dürdäne eserleri miras goýan akyldaryň dünýädäki belent mertebesini alamatlandyrýar.
Medeniýet halklary dostlaşdyrýar, dünýäde ynsanperwerligi wagyz edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýäde giňden wagyz edilýär. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlaryň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi bolsa ýurdumyzda dünýä edebiýatyna, söz sungatynyň ägirtlerine goýulýan hormatyň egsilmezdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Annasapar ILMYRADOW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.