Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda gadymy Änew şäheriniň binagärlik medeniýeti, çeperçilik däpleri barada örän täsirli söhbet edilýär. Änew medeniýeti irki eneolit döwründen giçki orta asyrlara çenli dowam edipdir. Bu medeniýet dürli döwürlerde birnäçe alymlar tarapyndan öwrenilipdir.
Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda: «Bu mekanyň gadymylyk alamaty, onuň ady babatda alnanda, oýlandyrýar. Ýöne käbir alymlaryň şumerleriň iň uly taňrysy bolan asman taňrysyny «Anu» diýip atlandyrandyklary, «Änew» diýen adyň hem şundan gelip çykandygy hakyndaky pikirleri hem ünsi özüne çekýär» diýip belleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitapda 1904-nji ýylda ABŞ-nyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň Änew depelerini öwrenmek maksady bilen toplumlaýyn ekspedisiýany gurandygy barada belläp geçýär. R.Pampelli kömekçileri E.Hantington we öz ogly bilen bilelikde, Waşington şäheriniň Karnegi institutynyň maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistan bilen tanyşlyk ekspedisiýasyny amala aşyrypdyr. Dolanyp barandan soň, institutyň ýolbaşçylarynyň öňünde hasabat bilen çykyş edipdir. Şonuň netijesinde hem ekspedisiýa geçirmäge goşmaça serişdeler goýberilipdir.
Hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änewiň iň bir gelim-gidimli desgalarynyň biri «Seýit Jemaleddin» diýlip atlandyrylýan meşhur orta asyr arhitektura toplumydyr» diýip bellemek bilen, bu toplum barada giňişleýin maglumat berýär. Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidiniň ýüzündäki ýazgylara esaslanylyp, onuň 1456-njy ýylda bina edilendigi bellenilýär. Taryhy çeşmelerde metjidi bu döwürde Teýmirleňiň Horasandaky (Demirgazyk Owganystan, Demirgazyk Eýran we Günorta Türkmenistan) ýerli häkimleriniň biri Jemaleddin diýen adamyň ogly Muhammediň bina etdirendigi we ýerli häkim Muhammediň kakasy Jemaleddiniň hem mazarynyň şol metjidiň gyrasyndadygy bellenilýär.
Änew şäheri diňe bir türkmen halkynyň taryhynyň şöhratly sahypasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türki dünýäsi üçin-de aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Şu mynasybetli, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bizi baý mirasymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda, ylmy gözlegleri alyp barmakda täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Ogulgül MYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.