Pederleriň ruhy siňen 72 saz guraly biziň ajaýyp döwrümize ýüzlerçe sazandalaryň, bagşylaryň, ussalaryň zehin eleginden geçip gelen saz gurallarydyr. Saz gurallarynyň 72-siniň bir perdeden owazlanmagy ajaýyp bir simfoniýany döredýär. Bu saz simfoniýasy halkyň taryhynyň, geçmişiniň, milli medeni gymmatlyklarynyň öçmejek nusgasydyr. Halk saz gurallary milletiň bitewi baý ruhuny, ýaşaýyş medeniýetini, agzybirligini, dost-doganlygy, parahat ýaşaýşy şöhlelendirýär. Aýdym-sazyň kömegi bilen halklaryň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar. Gündogar halklarynyň saz gurallarynyň biri-birine ýakynlygy olaryň taryhy köklerinden gaýdýar.
Saz gurallarynyň arasynda iň köp ýaýrany gyjak saz guralydyr. Ol üç, dört kirişli bolup, oňa her halkyň ruhuna ýakyn at berlipdir. Türkmen halk saz gurallarynyň arasynda gyjak saz guraly dutardan soňra uly meşhurlyga eýedir. Bu saz guraly irki döwürlerde iki kirişden ybarat bolup, wagtyň geçmegi bilen ol kämilleşdirilip, üç kirişe çenli ösdürilýär. Üç kirişli gyjak saz guralynyň ussady XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başynda ýaşap geçen Aly Seýit gyjakçy hasaplanýar. Ussat gyjakçy bagşylaryň aýdymyna goşup, saz çalmaga diýseň ezber bolupdyr.
Üç kirişden ybarat türkmen gyjagy iň ýörgünli saz gurallarynyň biridir. Milli gyjagyň bagşylar tarapyndan gyzgyn garşylanylyp, aýdym-saz äleminde giňden ulanylmagy türkmen halk aýdym-sazlarynyň has-da kämilleşmegine, köptaraplaýyn ösüşe eýe bolmagyna getirdi. Gyjagyň täze döredilen saz toparlarynda ulanylmagy onuň ähmiýetini örän artdyrýar. Bu saz guralynyň kömegi bilen dünýä kompozitorlarynyň nusgawy saz eserleri çalynyp başlanýar. Halk aýdymlaryny ýerine ýetirýän bagşylaryň ýanynda üç kirişli gyjak saz guralynda sazandarlyk edilýär. Bagşylaryň goşa ganaty bolan gyjak sazandanyň elinde aýdyma aýratyn öwüşgin berip, bagşyny, diňleýjileri ruhlandyrypdyr.
Üç kirişli gyjak hemme döwürlerde wagtyň talabyny ödän saz guralydyr. Ol ençeme onýyllyklaryň dowamynda şol bir ýagdaýy saklap, bagşy-sazandalaryň çyn söýgüsine, hormatyna mynasyp boldy. Bagşylar onuň mylaýym, mahmal owazyna maýyl bolup, uly joşgun bilen aýdym aýdýarlar.
Bagşylar gyjakçylaryny aýrylmaz hemrasy saýyp, biri-birine gowy düşünişip uzak ýyllaryň dowamynda dogan ýaly bolup ýaşapdyrlar. Gyjakçy bagşa sazandarlyk edende, bagşynyň hakyky hemrasy, syrdaşy bolup çykyş edýär. Sazandalar bagşyny aýdymyň ilkinji kakuwyndan, hereketinden, ýüzüne seredenden haýsy aýdymy aýtjakdygyny duýmagy başarýarlar. Bu sazlaşyk aýdym aýtmagyň inçe syry bolup, saz gurallarynyň bir perdeden ezberlik bilen owaz çykarmagyna, içki duýgynyň joşmagyna getirýär.
Rahmetjan HUSEÝINOW,
Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň «Kirişli saz gurallary» bölüminiň «Skripka we Alt» hünäriniň mugallymy.