Siziň üçin...

Çagalary goramagyň halkara gününiň taryhy

25-05-2024 / 21

Köp ýurtda tomsuň ilkinji güni Halkara Çagalar güni bellenilýär.Halkara çagalar güni iň gadymy halkara baýramçylyklaryndan biridir. Ony geçirmek karary 1925-nji ýylda Źenewada çagalaryň abadançylygy boýunça Bütindünýä konferensiýasynda kabul edildi. Şol ýyl Hytaýyň San-Fransiskodaky Baş konsuly hytaý ýetimleriniň bir toparyny ýygnapdyr we Duan Wu Jie (Dragon Boat atly Festiwaly) 1-nji iýunda bellemegi gurnapdyr. Ol  gün bolsa Źenewada geçirilen Çagalar konferensiýasynyň wagtyna gabat gelipdir.

Ikinji jahan urşundan soň, çagalaryň saglygyny we abadançylygyny goramak meselesi öňküsinden has derwaýys bolanda, 1949-njy ýylda Pariźde aýallaryň gurultaýy geçirildi, şonda dowamly parahatçylyk üçin ýadawsyz söweşmäge kasam edildi. Şol ýyl Halkara Demokratik Aýallar Federasiýasynyň Geňeşiniň Moskwa mejlisinde, 2-nji Kongresiniň kararlaryna laýyklykda dynç alyş güni döredildi. Bir ýyldan soň, 1950-nji ýylda 1-nji iýunda ilkinji Halkara Çagalar güni geçirildi, şondan soň her ýyl bu baýramçylyk geçirilýär.

Halkara çagalar gününiň ýörite baýdagy bar. Ösüşi, sazlaşygy, täzeligi we hasyllylygy alamatlandyrýan ýaşyl reňkde, gyzyl, sary, gök, ak we gara reňkli şekiller Ýeriň nyşanynda ýerleşdirilýär. Baýdakdaky adam şekilleri dürlüligi we çydamlylygy alamatlandyrýar. Merkezde ýerleşdirilen Ýeriň alamaty umumy öýümiziň nyşanydyr.

Gyzykly tarapy, bu baýramçylyk sosialistik ösüş ýoluny saýlan ýurtlarda işjeň goldanyldy. Sowet Soýuzynyň ýaşan döwründe, 1-nji iýunda mekdeplerde tomus dynç alşy başlandy. Halkara Çagalar güni çagalaryň hukuklary we abadançylygy barada çykyşlar we çekişmeler, täze çagalar çeper filmleriniň we teleýaýlym görkezişleriniň görkezilmegi, çagalar üçin sport ýaryşlary, köplenç ene-atalary gatnaşmaga çagyrýardy. Häzirki wagtda köp ýurtda bu gün çagalar üçin köpçülikleýin, güýmenje we medeni çäreler geçirilýär. Çagalar güni diňe bir çagalaryň özleri üçin gyzykly dynç alyş bolman eýsem çaganyň hukuklaryny goramagyň zerurdygyny, ähli çagalaryň bagtly ulalmagy, öwrenmegi, söýýän zatlaryny etmegi we ajaýyp ene-atalar bolmagy üçin jemgyýete ýatlatma bolup durýar we geljekde öz ýurdunyň ylymly-bilimli giñ dünýägaraýyşly nesilleri bolup ýetişmeli.

Yklym REJEPMYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu