Bilşimiz ýaly, 23 — 25-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik üstünlikli jemlendi.
Bu halkara bäsleşik eýýäm ilkinji gününden ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Bu babatda institutymyzyň meýletinçi ýaşlary ýokary işjeňlik görkezdiler.
Ýörite maksatnama laýyklykda, myhmanlar halkara bäsleşigiň çäklerinde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu abraýly bilim ojagyndaky «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, institutda hereket edýän merkezler, «Ak öý», «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň çägindäki okuw studiýasy, «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň redaksiýasy bilen tanyşlyk myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Olar institutymyzyň okuw studiýasy tarapyndan ýörite guralan «tegelek stol» gepleşiginde öz ýürek buýsançlaryny, pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.
Dünýäde parahatçylyk merkezi hökmünde ykrar edilýän Aşgabatdaky täsirler, ýakymly pursatlar, milli myhmansöýerligimiz, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde guralan halkara bäsleşik myhmanlaryň ýadyna hemişelik galar.
Dawut NAZMYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.