Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 23 — 25-nji maýynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde ýaýbaňlandyrylan halkara bäsleşik dostlugy, ynanyşmagy, ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşige Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysynyň 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar dabaraly ýagdaýda, ýokary taýýarlykly, halkymyzyň milli myhmansöýüjilik, dost-doganlyk, açyk göwünlilik, hoşniýetlilik däplerine laýyklykda garşy alyndy. Myhmanlary institutymyzyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, meýletinçiler güler ýüz bilen garşyladylar.
Ýurdumyzda bu bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, taktiki meseleleri çözmekde talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak zerurlygyndan, şeýle hem ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Halkara bäsleşikleriň, olimpiadalaryň yzygiderli ýagdaýda Türkmenistanda geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleridir iri ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar.
Hakberdi BAÝMYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.